Makalalar

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ ESASLARY ROWAÇLANÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip geçiriljek ýylynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda ruhubelentligi döretdi. Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi.

Turkmen

ŞAN-ŞÖHRATY DÜNÝÄ DOLÝAN AŞGABAT

Häzirki wagtda Milli Liderimiziň tagallalary bilen gözel paýtagtymyz ösüşiniň täze döwrüni başdan geçirýär. Ak mermerli paýtagtymyz örän gysga döwrüň içinde üçünji müňýyllygyň ajaýyp şäherine öwrüldi. Aşgabadyň öz boluşly binalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizilmegi ýurdumyzy baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysaly bolup durýar.

Turkmen

Региональное сотрудничество в условиях новой реалии

Интенсификация темпа реформ, происходящих в век информационных технологий, создаёт новые реалии глобального развития, о чём свидетельствуют аналитические выкладки. По этой причине их влияние на глобальную политику находится в фокусе постоянного внимания, и на этой основе устанавливаются конкретные перспективные векторы развития и формат отношений. Активизация регионального сотрудничества также является одной из новых реалий.

Undefined

Bagtyýar ili baýramlar bezeýär

Garaşsyz, hemişeli Bitarap Türkmenistan Watanymyz Berkarar döwletimizi bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylynda täze ösüşlere hem özgertmeler beslenýär. «Ýurdumy döredijiligiň we üstünlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsirin ýetirip, geljege ynamyny has-da berkidýär» diýip nygtaýan

Turkmen

BEREKET MEKANY

Watanymyzyň çar ýanynda yzygiderli gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalar ýaşaýyş-durmuş şertlerimiziň has-da ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna itergi berýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna barýan günlerimizde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyp, işe girizilmegi bu ugurda uly ähmiýete eýe boldy hem-de etrabymyzyň ilatynda egsilmez şatlyk duýgusyny döretdi.

Turkmen

Maslahata gatnaşyjylara söz berýäris

Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy:

Turkmen

GÖWNÜMIŇ HOŞY

DURMUŞ PURSATLARY

Nartäç eje adamsyndan ir galan bolsa-da, durmuşda, işde ejizlemän, ýalňyz perzendi Beglini ösdürip-ulaldyp, adam edip ýetişdirdi. Ogluny gyzlaryň içinden saýlap-seçen gyzyna — Güljerene öýerip, toý tutdy. On bir ýylyň içinde dört agtyk söýüp, arzuwyna ýetdi.

Ýöne enäni bir bynjalyk edýän zat, dört perzendiň kakasy bolsa-da, Begliniň ýüzi salyk, egni gysykdy. Şonuň üçinem gelni Güljerenem özüni adamsynyň öňünde müýnli ýaly duýýardy.

Turkmen

ERKANALYGYŇ BAÝRAMY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nesilden-nesle geçip gelýän milli baýramlarymyza aýratyn uly sarpa goýulýar. Olar halkymyzyň bolelin, bagtyýar ýaşaýan döwründe mynasyp dowam etdirilip, döwrebap öwüşginlere eýe bolýar. Her ýyl halkymyz uly dabara bilen Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi belläp geçýär.

Turkmen

GÖZEL GÖRKLI PAÝTAGTYMYZ

Ak şäherimiz Aşgabat gözelligiň mesgeni! Özüniň gaýtalanmajak bezegleri bilen görenleri haýrana goýýan kaşaň köşkleriň, belent-belent ymaratlaryň, ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň her biri paýtagtymyza özboluşly gözelligini eçilýär. Al-asmana atylyp, owadan görnüşleri emele getirýän suw çüwdürimleri paýtagtymyzda bagtyň joşýandygyny alamatlandyrýar. Gülleriň ysy burk urýan seýilgähler bolsa göwünleri galkyndyrýar. Paýtagtymyzyň aýna ýaly tekiz, oklaw deýin göni ýollary ak arzuwlar bilen ýola düşenleri beýik maksatlara atarýar.

Turkmen

Pages