TÜRKMENIŇ UÇAR GANATY

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri her bir türkmen raýatynyň kalbynda egsilmez joşgun, ýaşaýşa söýgi döredýär. Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ata-baba däp-dessurlarymyz, gadymdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimiz gaýtadan dikeldilýär. Ata-babalarymyzyň kyn günde syrdaş, ýow günde gardaş saýan bedewine goýulýan hormat hem şu ajaýyp bagtyýarlyk döwründe has uly. Gadymy däplerimizi, milli atşynaslyk ýolumyzy dikeldip beren Gahryman Prezidentimiziň hut özi türkmen bedewine erk etmekde ýaşlara nusga alarlyk görelde mekdebi bolupdurýar.

Hormatly Prezidentimiziň: «Biz geljekde hem bedewlerimizi birjik-de ünsden düşürmeris, çünki olar biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ylhamymyzdyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi tebigatda ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilýän güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň simwolydyr» diýip jaýdar belleýşi ýaly, türkmen bedewi halkymyz üçin ruhlandyryjy güýç hökmünde hem uly täsirlidir.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, bu ýokary gurama daşary ýurtly belli atşynaslaryň hem meýletin agzalyga kabul edilmegi türkmen bedewiniň şanynyň dünýä dolandygyndan habar berýär. Aşgabat şäheriniň çäginde açylan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna hem türkmeniň ahalteke bedewi bilen ýakyndan tanyşmaga gelýän daşary ýurtly atşynaslaryň, ýokary döwlet işgärleriniň uly gyzyklanma bildirmegi türkmen bedewiniň at-abraýynyň dünýä dolandygyna doly güwä geçýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen birlikde Türkmen alabaýynyň baýramynyň hem bellenilmegi milli gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň aýdyň dabaralanmagydyr. Bedewe türkmen halky gadym döwürlerden bäri hormat goýup gelýär. «Görogly» şa dessanynda Göroglynyň syrdaşy, ýakyn gardaşy hökmünde onuň Gyraty tanalýar. Gyrat türkmen bedewiniň ýyndamlygynyň, gözelliginiň, adama wepalylygynyň nusgasy bolup durýar. Bu dessanyň wakalarynyň ählisi hem türkmen bedewi bilen baglanyşykly diýsek ýalňyşmarys. Türkmeniň halal malynyň — «gözünden suw içiren» eziz bedewiniň waspy Görogly beg eýýamyndan hem aňyrdan gaýdýar. Ol nusgawy edebiýatymyzyň hem, halk döredijiliginiň hem süňňüne siňendir. Mätäji şahyra «Kä ýörirsen ýer bilen, kä howanyň guşy sen» diýdiren, ady-çawy bilen türkmeni dünýä tanadan dal bedewlerimiziň ynsan kibi düşbüligi, wepadarlygy, owadanlygy, türkmeniň seýisçilik mekdebiniň üýtgeşikdigi baradaky taryhy şahslaryň galdyran ýazgylarynyň gözbaşy asyrlaryň jümmüşine aralaşýar.

XIX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, serkerde şahyr Seýdi: «Namarda zyýandyr üsti bedewiň» diýse, «Kowusnamada»: «Haýwanat dünýäsiniň iň ýagşysy atdyr» diýilýär. Agynan ýerinde toý bolan taýsyz bedewli, deňli-derejeli aýlawly türkmen ilimiz alma göz, behişdi bedewleriniň toýuny dabaralara besläp toýlaýar.

Nurmyrat Şamyradow, TDP-niň Görogly etrap komitetiniň başlygy

“Daşoguz habarlary” gazeti

24.04.2021 ý

 

tags: