TÜRKMENISTAN — HALKARA SÖWDADA YGTYBARLY HYZMATDAŞ

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinden gelip gowşan şatlykly habar halkara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alnyp barylýan syýasatyň barha dabaralanýandygyny aňladýan buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. Şol gün Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab-kwartirasynda bu guramanyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirilip, onuň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky ýüzlenmesine garaldy we oňa agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda biziň döwletimize bu abraýly halkara guramada synçy derejesi berildi. Bu gazanylan üstünligiň aňyrsynda, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň irginsiz zähmetiniň, egsilmez yhlasynyň durandygyny aýtmak gerek.

Ýadyňyzda bolsa, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow baryp 2011-nji ýylyň ýanwarynda biziň ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa komissiýasynyň başlygy Iýosif Manuel Barroza bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda türkmen gazyny Ýewropa sebitine akdyrjak Hazarüsti gaz geçirijiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm meselesi bilen birlikde, Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi baradaky meselä hem üns beripdi. Şonda Ýewropa komissiýasynyň başlygy özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň bu meselede Türkmenistany goldamaga taýýardygyny mälim etdi. Şondan soňra bu ugurda tapgyrma-tapgyr işler alnyp baryldy we 2013-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek üçin degişli Hökümet toparyny döretdi. Birnäçe ýyllaryň dowamynda bu Hökümet topary ýurdumyzyň milli bähbitlerine laýyk gelýän Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gurama gatnaşýan ýurtlaryň tejribelerini, oňa gatnaşmak üçin talap edilýän köptaraply söwda ylalaşyklaryny we beýleki meseleleri öwrendi. Şol ýyllarda edilen işleriň çäklerinde 2016-njy ýylyň maýynda Aşgabatda guralan «Merkezi Aziýa we köptaraply söwda ulgamy» atly ýokary derejeli forumyň, şeýle-de ugurdaş maslahatlaryň, duşuşyklaryň uly ähmiýetiniň bolandygy bellenilmäge mynasypdyr. Şu ýerde Bütindünýä söwda guramasynyň wekiliýetiniň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2019-njy ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumyna, onuň öň ýanynda bu gurama girmek meseleleri boýunça geçirilen milli okuw maslahatyna, şeýle-de türkmen tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşmagynyň hem ähmiýetiniň uly bolandygyny nygtamaly.

Döwlet Baştutanymyzyň bu işiň başlanan wagtyndan bäri bolup geçen özgerişleri nazarda tutup, alnyp barylýan çäreleri has-da işjeňleşdirmek hem-de oňa täzeden itergi bermek maksady bilen, 2019-njy ýylyň 15-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Hökümet toparynyň düzümi täzelendi, oňa ýurdumyzyň daşary ykdysady işine jogap berýän esasy edaralar girizildi. Şondan soň ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagyna taýýarlyk işleri has-da işjeňleşdi. Hökümet toparynyň 2019-njy ýylyň 30-njy iýulynda birinji mejlisi, şol ýylyň 28-nji awgustynda ikinji mejlisi, üstümizdäki ýylyň aprel we maý aýlarynda üçünji we dördünji mejlisleri geçirilip, olaryň çäklerinde Türkmenistana synçy derejesini almak arkaly Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy, bu halkara gurama bilen geljekki anyk hereketler kesgitlendi. Döwletimiziň Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde gatnaşmagynyň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşine ýardam etjekdigi barada netijenama çykaryldy. 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda bolsa Bütindünýä söwda guramasynyň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky ýüzlenmesine garalyp, oňa agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda ata Watanymyz bu abraýly halkara guramada synçy derejesine eýe boldy.

Bütindünýä söwda guramasynyň Baş geňeşiniň bu mejlisine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly ýurdumyzyň Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde gatnaşmak boýunça ýüzlenmesine seredilmegi mynasybetli bu ýerde ýörite dabara guraldy. Onuň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili çykyş edip, bu guramanyň Baş geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara gurama goşulyşmak işiniň başlangyçlary, hususan-da, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini durmuşa geçirmegiň täzeçil syýasaty barada giňişleýin gürrüň berdi. Ýurduň bu derejä eýe bolmagynyň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşine, daşary söwda ulgamyndaky ornunyň pugtalanmagyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmagyna, daşary ýurtlardan maýa goýumlaryny çekmäge we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, şeýle-de täjirçilik we söwda strategiýalarynyň işlenip düzülmegine hem-de olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigi bellenildi. Şeýle hem çäräniň dowamynda gurama gatnaşyjy döwletleriň birnäçesiniň wekilleri, şol sanda Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hindistanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Mongoliýanyň, Panamanyň, Paragwaýyň we Urugwaýyň wekilleri Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulyşmak başlangyjyny goldap çykyş etdiler.

Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä söwda guramasy öz taryhyny 1947-nji ýylda dünýäniň 23 döwleti tarapyndan gol çekilen Nyrhlar we söwda baradaky baş ylalaşykdan alyp gaýdýar. Şondan soňky geçen ýyllarda bu ylalaşygy Bütindünýä söwda guramasyna öwürmek üçin dünýäde tapgyrlaýyn işler alnyp baryldy. Aýratyn-da, 1986 — 1994-nji ýyllarda Urugwaýda geçirilen gepleşikler tapgyrynyň netijesinde 1994-nji ýylda Marrakeş ylalaşygynyň baglaşylmagy Bütindünýä söwda guramasynyň döremegine esas boldy. Bu gurama agza hökmünde ilkibaşda Nyrhlar we söwda baradaky baş ylalaşygy baglaşan 23 döwlet göni tertipde girdi. Şeýlelikde, Bütindünýä söwda guramasy 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan işe başlady. Häzirki wagta çenli 164 döwletiň BSG-niň agzasy bolap durýandygyny, 24 ýurduň bolsa bu guramada synçy derejesine eýedigini, 22-nji iýulda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň synçy derejesindäki 25-nji döwlet bolandygyny nazarda tutsaň, bu halkara guramanyň dünýädäki abraýynyň örän ýokarydygyna göz ýetirmek kyn däldir.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasynda synçynyň derejesine eýe bolmagyna uly ähmiýet berýär. Muny milli Liderimiziň Bütindünýä söwda guramasynyň ähli agzalarynyň arasynda söwdanyň düzgünlerini kadalaşdyrýan ýeke-täk ählumumy halkara gurama bolap durýandygy, dünýäniň köp sanly döwletleriniň gatnaşmagynda gol çekilen we tassyklanan ylalaşyklaryň onuň esasyny düzýändigi hakyndaky aýdan sözleri hem doly tassyklaýar. Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünnamasy söwda-ykdysady gatnaşyklarda milli kanunçylygy işläp düzmek we ony iş ýüzünde ulanmak üçin möhüm çelgidir. Bu guramanyň baş maksady oňa agza döwletleriň arasynda durnukly, aýdyň we erkin söwda akymlaryny ýola goýmakdan ybaratdyr. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biziň döwletimize berlen bu derejäniň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleri, ilkinji nobatda, dünýäniň dürli döwletleri bilen sazlaşykly söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, türkmen topragynda öndürilýän bäsdeşlige ukyply harytlaryň daşarky bazarlara çykarylýan möçberini we olaryň görnüşlerini artdyrmaga, şeýlelikde, ata Watanymyzyň ykdysady we eksport kuwwatyny pugtalandyryp, halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň öňküden-de ýokary göterilmegini üpjün etmäge ýardam etjekdigi şübhesizdir. Munuň özi milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä esaslanýan, uzak geljegi nazarlaýan, öňdengörüjilikli, ynsanperwer syýasatynyň barha dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Atajan BURUNOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor. TDP-niň işjeň agzasy.

“Türkmenistan” gazeti.

tags: