TÜRKMENISTAN — YNSANPERWERLIGIŇ WE BAGTYÝARLYGYŇ ÝURDY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyz gün-günden gülläp ösýär. Döwletimiz bedew bady bilen okgunly öňe barýar. Parahatçylyk dörediji ýurdumyzyň ykdysadyýetinde düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Mähriban Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanyp, ýurdumyzy depginli ösüş-özgeriş, ruhubelentlik hem belent maksatly beýik işler gurşap alýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça öňe süren başlangyçlary ýurdumyzyň her bir raýatynda, tutuş halk köpçüliginde giň goldaw we uly seslenme tapdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň giň goldawa eýe bolýanlygyna halkymyzyň arasynda uly gyzyklanma bilen ara alyp maslahatlaşmak işleriniň barşyndan doly göz ýetirmek bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň hormatly Prezidentimize bolan uly buýsanjynyň, çäksiz söýgüsiniň we uly ynamynyň dabaralanmagy şertlerinde uly joşgun bilen alnyp barylýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler barada aýdylanda, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda geçirilen Konstitusion toparyň birinji mejlisinde Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça eden çykyşlarynda beýan edilen parasatly pikirleriniň dürli derejelerdäki maslahatlarda öz beýanyny tapýanlygyny bellemek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiziň Konstitusion toparyň birinji mejlisinde eden taryhy çykyşy, ol ýerde aýdan her bir sözi, berýän gymmatly maslahatlary, parasatly pikirleri ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly bu işde aýdyň ýol görkeziji bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyzyň eden bu taryhy çykyşynda jemgyýeti we döwleti mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça iň öňdebaryjy, häzirki zaman gazanylan tejribe nukdaýnazaryndan ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmek barada anyk pikirler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda amala aşyrýan özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, raýatlaryň syýasy we beýleki hukuklaryny doly kepillendirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak döwletiň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem döwlet Baştutanymyz özüniň çykyşlarynda döwletiň ýöredýän ykdysady syýasatynyň düýp mazmunyny açyp görkezýän kadalary ýurdumyzyň Konstitusiýasynda beýan etmek barada birnäçe parasatly pikirleri öňe sürýär, olaryň düýp mazmuny döwletiň adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirýänligi, ähli halkyň abadanlygyna durnukly ösüşi üpjün edýänligi barada kadalarda jemlenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär, aýratyn hem hususy telekeçiligi ösdürmäge uly üns berilýär. Telekeçiligiň netijeli işlemegine giň ýol açylýar. Şoňa görä-de, her adamyň telekeçilik bilen meşgul bolmagy, kanun bilen gadagan edilmedik ykdysady işi alyp barmagy üçin öz ukybyny we emlägini erkin peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi bar.

Ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegi, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýanlygy bu asylly ýörelgäniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyz adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirmek döwletimiziň esasy ýörelgesi bolup dünýä ykrar edýär. Ýurdumyzda her bir adamyň mynasyp durmuşda ýaşamagy, ruhubelent we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin döwlet tarapyndan oňyn şertler döredilýär we ýeterlik goldaw berilýär. Ýurdumyzyň hereket edýän Konstitusiýasynyň kadalaryna täzeden seretmek döwleti dolandyrmagyň has netijeli ulgamynyň hukuk esaslaryny berkider.

Şeýle hem halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny has giňeltmek we iki palataly Parlament ulgamyna geçmek we bu işi alyp barmak bilen bagly Konstitusion topary döretmek barada Permana gol çekmegi, hakykatdan hem şeýle kadalaryň ýurdumyzyň Esasy Kanunyna girizilmegi bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny has ýokary derejä çykarar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň öňe süren, ýurdumyzyň ilatynda giň goldaw we seslenme tapan başlangyçlary boýunça dürli ugurlardaky hünärmenlerden, alymlardan, bilermenlerden we raýatlarymyzdan geljek teklipler ara alnyp maslahatlaşylar.

Mähriban Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty durmuşa geçirilip, Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça alnyp barýan işler ýurdumyzyň durmuşynda möhüm syýasy waka we türkmen döwletiniň aýdyň geljeginiň, hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň, ony durmuşa geçirmäge gönükdirilen hem-de yzygiderli amala aşyrýan parasatly syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp baryljak bu beýik özgertmeler türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň aýdan her bir sözüniň, eden taryhy çykyşlarynyň, olarda beýan edilen pikirleriň we düzgünleriň ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşda we ruhubelent ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilenligine aýdyň şaýatlyk edýär.

Işlemäge, döretmäge hem-de dynç almaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna köp sag bolsun aýdýarys!

Goý, halkymyzy şan-şöhratly ýollar bilen beýik üstünliklere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň

guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri.

“Watan” gazeti

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn Asyry” atly bäsleşigine

tags: