Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna – 30 ýyl

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň 30 ýyllyk şöhratly ýoly halkymyzyň iň oňat, ynsanperwer hem-de hoşmeýilli milli häsiýetleriniň, döwleti we jemgyýeti dolandyrmakdaky ukyp – başarnygynyň ýüze çykan döwri boldy. Bu babatda Demokratik partiýa halkymyzyň güýjüni jemgyýetiň öňünde duran belent maksatlaryň daşynda jebisleşdirmekde uly guramaçylyk işlerini ýola goýmaga işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň bu iri syýasy guramasynyň döredilmeginiň şanly senesi mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalaryna iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler.

Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň raýatlarymyzyň abadan durmuşyny, hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün edýän döwlete öwrülendigi aýratyn nygtaldy. Adamlaryň abadan hem bagtyýar durmuşy amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Çykyş edenler milli Liderimiziň ýurdumyzyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen ýadawsyz we tutanýerli işi netijesinde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň yzygiderli artýandygyny nygtadylar.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuş-ykdysady özgertmeler syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ata Watanymyzyň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny bellediler. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarda bu syýasatyň esasy ýörelgeleri jemlenendir. Çykyşlarda türkmen döwletiniň we mähriban halkymyzyň taryhynyň 30 ýylynyň dowamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygyna aýratyn üns berildi. Şol özgertmeler bolsa döwletimiziň kuwwatyny, eziz Diýarymyzyň, türkmen halkynyň we parasatly Arkadag Prezidentimiziň halkara abraýyny has-da belende galdyrdy.

Demokratik partiýanyň agzalary amala aşyrylýan wagyz-nesihat işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, partiýanyň hatarlaryna giň gözýetimli ýaşlary çekmek, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna degişli çärelere taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça anyk çäreleri görýärler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Demokratik partiýanyň Türkmenistanyň demokratik sütünlerini mundan beýläk-de pugtalandyrmak, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň ýolunda täze üstünlikleri gazanmak baradaky möhüm ähmiýetli maksatlaryny durmuşa geçirmäge uly üns berýändigi we ähli şertleri döredýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Maslahatyň çäginde Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda mowzuklaýyn sergi guraldy. Onda döredijilik ussatlarynyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçen ýylda bellenilen ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna we hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan işleri görkezildi. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeňlerini hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy.

“TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ METBUGAT ÇAPARY” gazeti

07.01.2022 ý

tags: