TÜRKMENISTANYŇ GLOBAL EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY

Häzirki wagtda sebitde we dünýäde ekologiýany, daşky gurşawy goramak tutuş adamzady gyzyklandyrýan wezipeleriň iň derwaýyslarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli pudaklarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler geljegi nazarlaýar.

Daşky gurşawyň goraglylygy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir. Durnukly ösüşiň maksatlarynda ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary boýunça ýerine ýetirmeli işlere toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň oňyn netijeleri berýändigi aýdyňdyr. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatynyň netijesinde Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda öz mynasyp ornuny eýeleýär we daşky gurşawy goramak boýunça halkara hukuk resminamalaryna işjeň gatnaşyjy, halkara guramalarynyň hem abraýly agzasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmeniň berekede baý giň sähralary ýaýylyp ýatan bagy-bossanlyga we gülzarlyga öwrülýär. Güneşli ülkämiziň barha giňeýän tokaý zolaklary, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän seýilgähleri, ylaýta-da, daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektara barabar bolan meýdanlarda tokaý zolaklary emele geldi. Gök zolaklary döretmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşmek babatdaky umumy dünýä işine hem ägirt uly goşantdyr. Ilatly ýerleriň töwereginde, ulag we demir ýollarynyň ýakalarynda emele gelýän tokaý zolaklary amatly howa ýagdaýyny üpjün edýär hem-de tomus paslynda Garagumuň yssysyny gowşadýar, gyş paslynda bolsa çapgyn ýellerden goraýar. Şeýle hem tokaý zolaklary bioköpdürlülige, täze ýerlere göçýän guşlaryň, haýwanlaryň görnüşleriniň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyz köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze syýasy-diplomatik görnüşini döretmegi suw gorlarynyň çeşmelerini dikeltmek, olary oýlanyşykly sarp etmek bilen bagly meselelere garamaga gönükdirilen ulgamlaýyn gatnaşyklarda görýär. Suwy rejeli peýdalanmak milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugry bolup, ol ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawy goramak bilen berk baglanyşyklydyr. Häzir ýurdumyzda suwarymly ekerançylykda döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, gidrotehniki desgalary gurmagyň we ulanmagyň örän uly tejribesi toplanyldy. Giň gerimli suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy oba hojalygyny netijeli ösdürmäge, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam edýär.

Mundan başga-da, ýurdumyzda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama amala aşyrylýar. Onuň çäklerinde suw arassalaýjy täze zawodlar gurulýar we ulanmaga berilýär. Deňiz suwuny süýjetmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. «Altyn asyr» Türkmen köli arkaly zeý suwlaryny geçirýän şor suw akabalary bir bitewi ýokary netijeli gidroulgama birleşdirildi. Netijede suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulanýar, zeý suwlarynyň ýanaşyk çöketliklere we suw akabalaryna akdyrylmagynyň öňi alynýar. Şol çäreler ýurdumyzda we tutuş sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýär. Bu ägirt uly taslamanyň nobatdaky desgalarynyň gurluşygy dowam edýär, ol zeý suwlaryny oba hojalygynyň hajatlary üçin gaýtadan ulanmaga mümkinçilik döredýär.

TDP-niň Oguzhan etrap komiteti milli Liderimiziň diňe ýurdumyz üçin däl-de, sebitiň ýurtlary üçin hem ekologiýa syýasatynyň ähmiýetini halk köpçüliginiň, pudak işgärleriniň arasynda, şunuň bilen birlikde ilkinji partiýa guramalarynda wagyz-nesihat etmäge yzygiderli üns berýär. Bu möhüm mesele bilen bagly geçirilýän duşuşyk-maslahatlarda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistanyň ekologiýa boýunça hukuk binýadynyň kämilleşýändigi, ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk hem beýleki işleriň amala aşyrylan mahalynda olaryň «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda ýerine ýetirilmelidigi, munuň daşky gurşawy zyýanly täsirlerden goramakdaky, ynsanlaryň saglygyny hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdäki ähmiýeti hakynda ýörite hünärmenler tarapyndan giňişleýin düşündirilýär.

Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçirýän çärelerimizde bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde Hazarýaka döwletleri bilen dost-doganlyk we ysnyşykly, köptaraplaýyn peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» nygtalyşy ýaly, Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak örän möhüm meseledir.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçen ýokary derejedäki taryhy duşuşygynda «Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky» Konwensiýa gol çekildi. Ol Hazar deňzi sebitinde uzak möhletli, köpugurly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly hukuk binýadyny döretmäge ýardam etjek iňňän möhüm hukuk resminamasydyr. Bu Konwensiýanyň esasy maksady deňiz gurşawyny, ekologiýasyny gorap saklamakdan hem-de Hazaryň täsin we özboluşly biologik baýlyklaryny goramakdan, dikeltmekden we rejeli peýdalanmakdan ybaratdyr.

TDP-niň Oguzhan etrap komitetiň agzybir işgärleri we agzalary bolup, milli Liderimiziň daşky gurşawy goramak we ekologiýa bilen baglanyşykly alyp barýan hoşniýetli işleriniň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem bütin adamzadyň bagtyýar ýaşamagyny üpjün edýänligini geljekde hem wagyz-nesihat etmek bilen, bu ugurda gujur-gaýratymyzy, ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Bazargeldi Çaryýew, TDP-niň Oguzhan etrap komitetiniň başlygy

“Galkynyş” gazeti

11.11.2020 ý

 

tags: