Täsirli geçen bäsleşikler

Garaşsyz Diýarymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda uly buýsanç bilen toýlanyljak baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ähli ugurlar boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda sporta we beden terbiýä aýratyn üns berlip, dürli ýaryşlar, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleri geçirmekde uly işjeňlik görkezýän Boldumsaz etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti bilen bilelikde etrabyň edara-kärhanalarynyň arasynda kiçi futbol boýunça etrap çempionatyny geçirmek barada meýilnamasy esasynda etrabyň edara-kärhanalaryndan ýygnanan futbol söýüji türgenleriň arasynda geçirilen bäsleşik örän şowhunly hem-de çekeleşikli boldy. Etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminden Destan Kazakbaýew, Adylbek Orazmedow, Hoşgeldi Haýdarow, Ahmet Ibragimow, etrabyň nebit kärhanasyndan Orazgeldi Tuwakbaýew, Hamza Muminow, TDP-niň etrap komitetinden Begenç Saparow, Ylýas Atajanow, etrap bilim bölüminden Oraz Aşyrow, Ilaman Seýitgulyýew, etrap hassahanasyndan Myrat Muhammedow futbol boýunça özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde birinji orna etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň topary, ikinji orna etrabyň nebit kärhanasynyň topary, 3-nji orna TDP-niň etrap komitetiniň topary mynasyp boldy. Ýeňiş gazanan toparlara TDP-niň etrap komitetiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlan 365 orunlyk sport mekdebinde geçirilen bu ýatda galyjy çärä gatnaşan sport söýüjiler döredilýän şeýle mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Sapargül Rejepowa, TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy

“Daşoguz habarlary”

26.11.2020 ý

tags: