TÄZE DÖKÜN

Deňiz kirpileri çuňluklardaky merjen gaýalarda ýaşaýan mör-möjeklerdir. Olar Tasmaniýanyň gündogar kenarynda juda kän we käbir deňiz haýwanlarynyň köpelmegi üçin howp döredýärler. Ýerli hökümet deňiz kirpilerini häzire çenli peýdaly maksat üçin ulanmagy başarmadyk hem bolsa, geljekde bu jandarlary dökün hökmünde ulanmagy göz öňünde tutýarlar.

Has takygy, ýerli alymlar deňiz kirpileriniň düzümini öwrenip, olarda azotyň, boruň we sinkiň kändigini anykladylar. Şeýlelikde, ol mundan beýläk organiki dökün hökmünde ekerançylykda we bagçylykda peýdalanylyp bilner.

Ilkinji synaglar günebakar ýetişdirmekde geçirildi. Synaglaryň netijesinde deňiz kirpileriniň örän peýdaly dökündigi ýüze çykaryldy.

Şeýlelikde, ýerli agronom Harriet Uokeriň aýdyşy ýaly, ýene bir galyndysyz önümçilik üçin mümkinçilik döredi. Bu bolsa ýurduň ykdysadyýeti üçin bähbitlidir.

Şirin Mirmedowa, TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň hünärmeni

“Bereketli toprak” gazeti

22.11.2021 ý

 

tags: