Täze döwrüň ruhy joşguny

Kalplara egsilmez buýsanç paýlap gelýän ýyllar berkarar döwletimizde şanly wakalara, ajaýyp taryhy senelere beslenýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem turuwbaşdan köňül joşduryjy wakalara baýdygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň joşgunly goşgy setirlerinden ylham alan halkymyz bedew batly ösüşleri nazarlap, bagtyýar geljege ynamly barýar. Bu ýyl Watanymyzyň taryhynda möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň giň gerime eýe bolmagy, göwni ganatly, kalby umytly halkymyzyň täze döwre — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basmagy şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy.

Şu ýylyň 11-nji fewralynda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşlara bildiren ynamy täze eýýamyň galkynyşly menzillerine badalga berdi. Ýaşlara bildirilýän ynamyň aýdyň nyşanyny äleme äşgär eden bu hakykat ýurdumyzda halk bilen döwletiň bir bitewüligini alamatlandyryp, ýagty geljeginiň binýadyny has-da berkidýändigini aýdyň görkezdi. Hormatly döwlet Baştutanymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen joşgunly sözlerinden ganatlanan halkymyz ülkämize ýaz bolup, saz bolup gelen ajaýyp döwrüň beýik ösüşlere eýe boljakdygyna uly umyt baglady. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bähbidine gönükdirilen beýik maksatlary abadan, bagtyýar durmuşymyzyň kepilidir. Döwrüň bedew batly ösüşlerini nazarlaýan bu döwletli tutumlar bolsa il-günümiziň kalbynda egsilmez buýsanjy oýardy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini, adamzat ýaşaýşy üçin bähbitli bolan belent maksatlaryny bagtyýar raýatlarymyz giňden goldaýarlar. Munuň şeýledigini partiýa işjeňleri bilen geçirilýän dabaraly maslahatlarda, duşuşyklarda aýdyň görmek bolýar. Bu çärelerde bagtyýar raýatlarymyz çykyş edip, döwrümize şan beren ajaýyp günleriň kalplarda egsilmez buýsanç döredýändigini öwran-öwran nygtaýarlar. Halkymyzy eşretli ertirleri nazarlap, beýik maksatlara tarap ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Allanazar Müňbaýew, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy

“Daşoguz habarlary” gazeti

21.04.2022 ý

 

tags: