Täze desgalar — rowaçlykdan nyşan

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň berk esaslary döredildi. Halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda uly özgertmeler bolup geçdi. Bütinleý täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi. Şu döwürde mukaddes Garaşsyzlygymyza daýanýan döwletimizde halkymyzyň gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklary, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwer däpleri dikeldildi. Ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine dünýäniň ösen döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklaryň gymmatly tejribesi toplandy.

Ýurdumyzyň gündogar sebitinde hem özgertmeleriň uly tapgyry amala aşyryldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin örän ýakymly wakalara beslendi. Ýylyň ilkinji aýynda hormatly Prezidentimiz Lebap topragyna iş sapary bilen geldi. Akinadan Andhoýa çenli 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli bolup geçen dabaralar ýurdumyzyň halkara abraýyny has belende galdyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatymyzyň çägindäki «Malaý» gaz ýatagynda kuwwaty ýylda tebigy gazyň 30 milliard kubmetrini akdyrmaga barabar bolan gaz gysyjy desganyň işe girizilmegine hem ak pata berdi. Iri desganyň işe girizilmegi «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Döwrebap desga Üçajy, Döwletabat we Galkynyş gaz känlerinden gelýän tebigy gazyň basyşyny güýçlendirýär. Malaýdaky kuwwatly gaz gysyjy desga 2021-nji ýylda açylýan desgalaryň kerwenbaşysy boldy. Şu ýylyň 22-nji iýunynda hem hormatly Prezidentimiz welaýatymyzda iş saparynda bolup, möhüm ähmiýetli desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Olaryň biri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy Kerki şäherinde gurlan döwrebap howa menzilidir. Bu möhüm desganyň ulanylmaga berilmegi içerki hemde sebitara gatnaşyklaryň has ýygjamlaşmagyna hyzmat eder. Welaýatymyzda ikinji halkara howa menziliniň açylyp, ulanylmaga berilmegi uly şatlyk-şagalaňa beslendi. Çünki şol gün täze howa menziline täze uçar hem gelip gondy. Ýurdumyza täze getirilen we şol gün ilkinji uçuşyny amala aşyran uçar şol bir wagtyň özünde Kerki — Türkmenabat ugrunda toý kejebesine hem öwrüldi. Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar jübütleri bilelikdäki durmuşa ak patany bolsa hormatly Prezidentimiziň hut özünden aldylar. Şol günlerde hormatly Prezidentimiziň Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasyny açyp, ulanmaga bermegi bizi has-da begendirdi. Bu ajaýyp bina häzirki günlerde uludan tutulýan toýlarymyzyň merkezine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde amala aşyrylan şeýle ägirt uly işler we ýaýbaňlandyrylan özgertmeler milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli beýik işleriniň we il-ulsumyzyň eziz Arkadagymyz bilen jebisliginiň miwesidir. Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagy, ýurdumyzyň abadançylygy barada uly alada edýän hormatly Prezidentimize ildeşlerimiz ak ýürekden alkyş aýdýarlar.

Merdan Dosmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Türkmen gündogary” gazeti

14.09.2021 ý

 

tags: