Täze eýýamyň täze desgasy

Ýakynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde gurlan häzirki zaman tehniki uglerod (gurum) öndürýän zawod açylyp, ulanylmaga berildi.

ABŞ-nyň, Germaniýanyň iri kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp gurlan bu zawod ýylda 3 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenendir. Bu ajaýyp zawody türkmen telekeçileriniň gurmagy bizi has-da guwandyrýar.

Zawodda öndüriljek önüm rezin, turba önümleriniň, dürli reňkleriň önümçiliginde giňden ulanylar. Bu ýerde 100-e golaý täze iş orunlary döredi. Zawodyň öndürjek önümlerini içerki sarp edijiler bilen bir hatarda, daşary bazarlara-da ugratmak meýilleşdirilýär. Täze eýýamyň täze desgasy ýurdumyzyň kuwwatlanmagyna mynasyp goşandyny goşar.

Halkymyzy nurana geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Myrat Ataýew, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri

“Watan” gazeti

16.04.2022 ý

tags: