TÄZE ÝEŇIŞLERE TARAP

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan gollamagynda ilkinji gezek kabul edilen Kararnamasy bilen ykrar edilenine şu ýyl 25 ýyl dolýar. Şol döwürden bäri geçen wagt ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, döwletimiziň eýe bolan halkara abraýy saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyny aýdyň görkezdi.

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde agza döwletleriň 193-siniň goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi döwletimiziň durmuşynda täze döwri alamatlandyrdy. Biz bu Rezolýusiýanyň kabul edilmegini hormatly Prezidentimiziň soňky ýyllarda halkara derejesinde öňe süren möhüm başlangyçlary hem-de ýurdumyzyň dünýäde abraý mertebesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýarys.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge, bilim ulgamyny ýokary derejä çykarmaga, ylym bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny ýygjamlaşdyrmaga, köpçülikleýin beden terbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýaşlarymyzyň halkara derejesindäki ylym-bilim bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda gazanýan ýokary netijeleriniň mysalynda aýdyň görünýär. Baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýalary bilen iki gezek ykrar edilen ýeketäk döwlet bolan Türkmenistan Watanymyz parahatçylyk söýüjilik, abadançylyk we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Merkezi Aziýanyň ýüreginde ýerleşýän eziz Diýarymyz sebit we dünýä derejesinde parahatçylyk taglymatyny öňe sürmek bilen, halkara jemgyýetçiliginde ýokary abraýa mynasyp boldy.

Döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini häzirki zamanyň wajyp meselelerini milletler bileleşigi bilen bilelikde çözmäge ugrukdyrýan ýurt hökmünde tanalýar. Häzir Türkmenistan öz göreldesi hem-de hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen bütin Ýer ýüzüniň adamlarynyň ylalaşykly we parahatçylykly ýaşamagyna hem-de hyzmatdaşlyk etmegine saldamly goşant goşýan ýurda öwrüldi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan özgertmeleriniň ählisi il abadançylygyna, ýurt parahatçylygyna, Watan berkararlygyna gönükdirilendir. Şeýle bagtyýarlygyň saýasynda ýaşadýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Babajan Gurbanow, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

26.11.2020 ý

tags: