Täze şähere mynasyp at dakylar

Öňňin Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdepde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhammet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde hem-de Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň Medeniýet köşgünde hormatly Prezidentimiziň ýakynda welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin amala aşyran iş saparynda beren tabşyryklarynyň berjaý edilişine bagyşlanylan maslahatlar geçirildi. Olarda döwlet Baştutanymyzyň täze şähere mynasyp at dakmak barada halkymyzyň arzuw-islegleriniň, teklipleriniň öwrenilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatlara Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Çykyş edenler Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmagyň häzirki döwrüň batyrgaý we örän ähmiýetli başlangyçlarynyň biridigini nygtap, munuň üçin, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, janynyň hemişe sag, ömrüniň uzak, öňde goýan maksatlarynyň elmydama amala aşmagyny arzuw etdiler. Bellenilişi ýaly, bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegine hut mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen girişildi.

Bu babatda maslahatlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin amala aşyran iş saparynyň çäklerinde geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň ýolbaşçysyna ýüzlenip, täze şähere mynasyp at dakmak barada aýtmak bilen, bu meseläni tutuş halkymyz bilen ara alyp maslahatlaşmagyň dogry boljakdygyny belländigine aýratyn üns çekildi.

Çykyşlarda raýatlardan, hususan-da, Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryndan teklipleriň gelip gowuşýandygy, şol teklipleriň ählisine ünsli garalyp, olaryň degişli hünärmenler tarapyndan öwrenilýändigi hem-de bellige alynýandygy, teklipleriň gelip gowuşmagynyň dowam edýändigi barada aýdyldy.

Mundan başga-da maslahatlaryň barşynda paýtagtymyz bilen birlikde, welaýatlaryň şäherleriniň we obalarynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylýandygy, ähli ýerde oňyn, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygy nygtaldy. Bularyň ählisi ýurdumyzda durmuş ugurly syýasata üstünlikli amal edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň şol syýasatyň esasy ýörelgesidigi çykyş edenler tarapyndan nygtaldy.

Nurjahan Hojaýewa , Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy

“Türkmenistan” gazeti

05.05.2022 ý

 

tags: