TÄZE TUTUMLAR BILEN RÖWŞEN GELJEGE

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda raýat jemgyýetimizi özgertmegiň, döwletimizi dolandyrmagyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan saýlanyp alnan milli ýoly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, dünýä döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly ähmiýete eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçilen menzil bolsa şöhratly Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesini äleme ýaýdy. Garaşsyzlygymyzyň berk sütüni bolan hem-de ýurdumyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasaty üstünlikli amala aşyrmakda uly orun eýeleýän hemişelik Bitaraplyk derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi şol taryhy ýoluň aýratyn ähmiýetli wakasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan diňe içeri syýasaty bilen däl, hoşniýetli bitaraplyk ýörelgelerine, belent ynsanperwerlige esaslanýan daşary syýasaty bilen hem özüni dünýä ýüzüne ykrar etdiren ýurt. Muny hemişelik Bitarap döwletimiziň sebit hem-de dünýä ýurtlary bilen yzygiderli giňeldýän köpugurly gatnaşyklary, ykdysady, medeni, ynsanperwer ulgamlarda barha pugtalanýan hyzmatdaşlygy hem doly tassyklaýar. Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalar bilen jebis gatnaşyklary hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraý-mertebesini barha belende göterýär.

Häzirki wagtda möhüm halkara konwensiýalaryň, şertnamalaryň we meýilnamalaryň birnäçesine işjeň goşulýan Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, bar bolan meseleleriň diňe gepleşikleriň üsti bilen oňyn çözülmegine aýratyn ähmiýet berýär. Harby bileleşiklere goşulmazlyk Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň möhüm ýörelgesidir. Şonuň bilen baglylykda, bu dereje parahatçylygy goldamakda hem-de Ýer ýüzünde peýda bolýan harby gapma-garşylyklaryň öňüni almakda has uly ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi hyzmatdaşlygyň, ynanyşmagyň hem-de ylalaşykly çözgütleriň esasynda howpsuzlygy üpjün etmegiň hatyrasyna saýlanyp alnan syýasy ýoldur. Bu babatda Bitaraplyga howpsuz geljek syýasatyna degişli düşünje hökmünde garalmalydyr. Beýik Magtymguly Pyragynyň mähriban halkymyza, eziz Watanymyza bolan çuňňur söýgi, ýurduň ajaýyp we beýik geljegine bolan ynam bilen aýdan: «Sözlär bolsaň, ýagşy sözle, halk ýamanyň bizarydyr» diýen sözleri durmuş-syýasy hadysa hökmünde çykyş edýän Bitaraplygyň ideýa-çeperçilik özeni bolup hyzmat edip biler.

Möhüm meseleleriň netijeli çözgütlerini tapmaga işjeň gatnaşmak bilen, Bitaraplyk filosofiýasynyň nukdaýnazaryndan döredijiligiň we hyzmatdaşlygyň hatyrasyna hoşniýetli goňşuçylygy we parahatçylygy wagyz edýän Türkmenistan diňe bir täze çemeleşmeleri däl, eýsem, täze garaýyşlaryny hem öňe sürýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan häzirki wagta çenli Bitarap Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary bilen bagly 18 sany Kararnamanyň kabul edilmegini bellemek örän buýsandyryjy wakadyr.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan işjeň durmuşa geçirilýän «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly Bitarap Türkmenistanyň täze başlangyjy ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrjak möhüm ädimdir. Hormatly Prezidentimiziň wezipä girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýen sözleri ýokardaky aýdanlarymyzyň aýdyň mysalydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni öz mähriban halkyna peşgeş berip, güneşli Diýarymyzy ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize halkymyzyň aýdýan alkyşly sözleriniň çägi ýok. Çünki bu gün türkmen halky asuda, parahat, bagtyýar durmuşyň eşretli hözirini görüp ýaşaýar, gurýar, döredýär. Ata Watanymyz iň bir bagtly ynsanlaryň ýaşaýan ajaýyp mekanyna öwrülýär.

Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýy baky belentde bolsun! Türkmen halkyny beýik maksatlara ruhlandyryp, mähriban Watanymyzyň abraý-şöhratyny Ýer ýüzünde belende galdyrýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Didar Osmanow, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

“Daşoguz habarlary” gazeti

28.04.2022 ý

 

tags: