TÄZELENIŞIŇ WE DÖREDIJILIGIŇ ÝOLY BILEN

Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli paýhasy, tutumly başlangyçlary bilen bilim ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy bilim, başlangyç, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň hili ýokarlandyrylýar. Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk döwrebap bilim almaklary olaryň geljekde ökde, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýardam berýär. Ýaşlarymyz hem öz gezeginde saýlap alan kärlerinde mynasyp zähmet çekýärler, halkara bäsleşiklerine gatnaşyp üstünlikli çykyş edýärler, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine öz goşantlaryny goşýarlar.

Milli Liderimiziň «Bilim täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesidir» diýen öňdengörüjilikli ýörelgelerinden ugur alnyp, bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary has-da ösdürilýär. Zerur ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda döwlet ylalaşyklarynyň esasynda ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Döwletimizde bilim ulgamynyň halkara gatnaşyklarynyň geriminiň giňeltmekdäki hyzmatyna, beýleki döwletleriň ösen tejribelerini ýurdumyzyň bilim ojaklaryna ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Halkara işlerinde Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylyk söýüji, deňhukukly hem-de ygtybarly hyzmatdaşlyga sarpa goýýan ýurda öwrüldi.

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi, «Açyk gapylar» syýasaty bilen, hoşniýetli goňşuçylygyň derwaýys wakalary, halkara hukuk düzgünleriniň berjaý edilişiniň meseleleri özara düşünişmek we diplomatik ýollar arkaly çözülýär. Döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny düzýär.

«Türkmenistan rowaçlygyň Watany» ýyly ýurdumyzyň halkara derejesinde eýeleýän möhüm ornuny görkezýän wakalara baý ýyl bolup, taryha girdi. Muňa mysal edip, ýakynda Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi we ol mejlisde hormatly Prezidentimize Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň «Ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen medalyň berilmegini, sebitde durnukly ösüşi hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň berkemegi ugrunda alyp barýan asylly işleriniň uly goldawa eýe bolýandygyny görkezip bolar.

Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa döwletine iş saparyny amala aşyrmagy we ol ýerde Ýaponiýanyň Premýer-ministri we Parlamentiň wekiller palatasynyň başlygy bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy, ylym-bilim jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşmagy, ýurduň işewürleri bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşmagy türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň barşynda möhüm waka öwrüldi. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyza «Hirosaki uniwersitetiniň hormatly doktory» diýen ylmy dereje berildi. Munuň özi iki döwletiň arasynda ylym-bilim, ynsanperwerlik ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we giňeltmekde möhüm ädim boldy.

Döwlet Baştutanymyz ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde bolup geçen Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII sammitine gatnaşyp, ol ýerde çuňňur manyly çykyş etdi. Ýurdumyz umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän parahatçylyk söýüji we netijeli gatnaşyk ýörelgelerine berk eýermek bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly alyp barýan içeri hem daşary syýasaty netijesinde at-abraýy dünýä dolýan Türkmenistan döwleti bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýän ýurtlaryň hatary barha artýar. Halkara gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmeginde Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen ýakynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikler täze sahypany açdy. Dostlukly ýurduň hökümet ýolbaşçysynyň Türkmenistana nobatdaky sapary deňhukukly özara bähbitli gatnaşyklara, taraplaryň erk-islegine we ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek meýline esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr boldy.

Milli Liderimize Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Halkara Bitaraplyk gününiň uly dabaralar bilen bellenilen günleriniň öňýanynda Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň dowamynda «Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Hormatly akademigi» diýen belent adyň berilmegi bilimi, ylmy, demokratiýany we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde bitiren hyzmatlarynyň we ajaýyp şahsy goşandynyň halkara derejesinde ýene-de bir gezek ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy. Munuň özi türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky ýola goýlan netijeli dostluk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalanýandygyna hem şaýatlyk edýär.

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri.

“Mugallymlar gazeti”

 

tags: