TARYHY DÖWRÜŇ ŞÖHRATLY MENZILLERI

BEÝIK GARAŞSYZLYGYMYZYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGYNA

Dünýäniň ösüşiniň häzirki döwrüni uly özgerişleriň zamanasy hökmünde häsiýetlendirmek dogry bolsa gerek. Adamzat durmuşynyň köp ugurlarynda düýpli täzeleniş bolup geçýär. Ylmyň, aň ösüşiniň netijeleri bilen birlikde, tebigatyň, daşky gurşawyň özgerişleriniň-de ýaşaýşy hil taýdan üýtgedýändigini belläp bolar. Bu bolup geçýän ähli ösüşlerdir özgerişler umumadamzat durmuşynda köp oňaýly şertler bilen birlikde, käbir meseleleri-de ýüze çykarýar. Şonda bir ýagdaý has-da äşgär bolýar. Üçünji müňýyllygyň şertleri halkara derejede tagallalary birleşdirmegiň, arkalaşykly hereket etmegiň aýratyn zerurlygyny görkezýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda, ylmy-tehnologik gazanylanlarda, ekologiýada, saglygy goraýyşda we beýleki köp-köp ugurlarda ählumumy tagallalar döwrüň talaby bolup orta çykýar. Döwletleriň, halklaryň, jemgyýetleriň kadaly durmuşyny, geljege tarap netijeli hereketini üpjün etmekde aýry-aýrylykda döwletara, sebitleýin ösüşleri gazanmak aňsat däldir. Indi adamzadyň umumy mesgeni — Zemin üstüniň ýaşaýşy gözýetimden aňyrsyna aň ýetirmek kyn bolan döwürlerden arany açdy. Döwletleriň, halklaryň durmuş şertleri, ykdysady hereketleriň derejesi has ýakynlaşdy. Şol bir wagtda dürli yklymlardaky döwletleriň milli bähbitleriniň ählumumy ösüşiň çygryndaky utgaşmasy ýygjamlaşdy. Innowasion tehnologiýanyň gazananlarynyň Ýer ýüzüne ýaýraýyş tizliginiň artmagy bilen, umumadamzat siwilizasiýasynyň yklymlar boýunça deňeçerligi barha äşgär ýüze çykýar.

Ine, şeýle ýagdaýlary seljerip görmek bilen, hormatly Prezidentimiziň döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna görä, örän oýlanyşykly, öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny ýöredýändigine has çuň düşünýäris. Sagdyn pragmatizme ýugrulan, işjeň hem durnukly döwlet syýasatynyň maksatlaryndaky we ýörelgelerindäki aýdyňlyk, kesgitlilik häzirki döwrüň şertlerinde her bir meselede dogry çözgütleri tapmaga ýol açýan ösüş ýolunyň döredilmegine mümkinçilik berdi. Bu bolsa hormatly Prezidentimizi häzirki döwrüň ykrar edilen milli Lideri hökmünde uly abraýa ýetirdi.

Ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda taryhy döwrüň şöhratly ösüş tapgyrlaryny geçdi. Geçilen ýollary inçeden yzarlap, çuňňur seljerip görmek bilen, milli Liderimiziň Garaşsyz döwletiň Baştutany hökmünde häzirki zaman döwlet we jemgyýetçilik gurluşynda dogry ýoly örän takyk kesgitlemegi başarandygyna göz ýetirýäris. Saýlanyp alnan dogry ýoluň diňe bir türkmen halky üçin däl-de, goňşy halklar, hyzmatdaş ýurtlar üçin-de bähbitli bolandygyny häzirki dünýä ýagdaýlary has äşgär ýüze çykarýar. Ygtybarlylyga, ynanyşmaga, hemmeleriň bähbitlerine düşünmek bilen garamaga esaslanýan döwlet syýasatynyň gyşarnyksyz, yzygiderli ýöredilmeginiň, oňyn gatnaşyklary guramagyň binýatlyk esasyna öwrülmeginiň tutuş sebitiň geljege tarap ynamly hereketine oňyn täsir edýändigine şaýat bolýarys. Mähriban Arkadagymyz hut şeýle ýörelgeleriň goňşy ýurtlar we ähli hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarda syýasy çemeleşme, ruhy daýanç hökmünde çykyş etmegini gazanmagy esasy maksat edip goýýar. Umumadamzat bähbitlerinden ugur alýan şunuň ýaly paýhasly çemeleşme söz bilen aňladylanda ýeňil ýaly görünse-de, hakykatda ol ägirt uly tagallalary, çylşyrymly syýasy-guramaçylyk hereketini, irginsizligi we sabyr-takatlylygy talap edýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan garaşsyz ösüş ýolunyň täzeçe çemeleşmeleriniň ygtybarlylygyny bütin dünýä görkezdi. Döwlet berkararlygyny pugtalandyrmagyň esasy ýoly hakyky ýagdaýlary hasaba almakdyr. Hyzmatdaşlaryň talaplaryna we maksatlaryna düşünmekdir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaş, dostlukly ýurt hökmündäki abraýyny sebitde we dünýäde belende galdyrandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Elbetde, hemişelik Bitarap ýurduň tutýan ýoluna esaslanyp, biz, esasan, döwlet syýasatyny ýöretmegiň oňyn taraplaryndan söz açýarys. Ýöne oňyn netijeleri gazanmak üçin ýurdumyzyň oňaýsyz ýagdaýlary ýeňip geçmeli bolýandygyny bellemek zerurdyr. Oňaýsyz ýagdaý diýlende, ol ählumumy möçberde ýüze çykýan maliýe-ykdysady çökgünlikler, syýasy, harby gapma-garşylyklar ýa-da halklaryň, döwletleriň durmuşynda köp kynçylyklary döreden pandemiýa bilen hem çäklenmeýär. Ählumumy ösüşiň barşynda bähbitleriň güýçli bäsleşigi, täsir ediş meýilleriniň güýçlenmeginiň döredýän çylşyrymly ýagdaýlary kähalatda her bir döwlete umumylykda çözülmeli meselelerden hem daşgaryn, milli bähbitler ugrunda has uly tagalla etmek, oňyn çözgütler ugrunda yzygiderli hereket etmek zerurlygyny orta çykarýar. Munuň şeýledigini döwrüň çylşyrymly ýagdaýlary äşgär edýär. Haýsydyr bir milli, şeýle hem ählumumy ösüşlere bähbitli ylalaşyklary gazanmak üçin edilýän tagallalaryň köp wagta çekýän halatlarynyň bardygyny durmuş görkezýär. Şeýle ýagdaýlarda-da, halkara giňişlikde Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň tutýan ýolunyň dogrudygyny, goňşy hem hyzmatdaş ýurtlar üçin-de örän ähmiýetlidigini subut etmegi, iş ýüzünde äşgär görkezmegi başaran milli Liderimiziň döwrüň öňdengörüji syýasatçysy hökmünde ornunyň ýokarydygyny bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyz garaşsyz ýurt hökmünde döwletliligi berkitmekde ilki bilen halkyň durmuşda tutýan ýolundan, isleginden we talabyndan ugur almagyň zerurlygyny türkmen döwletiniň ösüş maksatlary arkaly subut etdi. Türkmenistanyň ösüş ýolunyň netijelidigine göz ýetiren halkara guramalar, dünýä döwletleri döwlet bilen halkyň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygy gazanmagyň täze bir tejribesine göz ýetirdiler.

Halkyň erk-islegi, durmuşda tutýan ýoly barada aýdylanda, adamzadyň fiziki, maddy ýaşaýyş şertlerinde umumylyklar köp bolsa-da, her bir halkyň ruhy durmuşyndaky, dünýägaraýşyndaky özboluşlylygy, aýratynlygy inkär edip bolmasa gerek. Şoňa görä-de, Ýer ýüzüniň ýaşaýşynyň sazlaşygyny pikirlenişiň, dünýägaraýşyň, ruhy-ahlak, syýasy-jemgyýetçilik düşünjeleriniň birmeňzeşliginde, umumylygynda görmek islegi, megerem, tebigylykdan, adamzat durmuşynyň heňňamlarda kemala gelen mizemez esaslaryndan has daşdadyr. Adamyň, sebitleriň aýratynlygyna görä, antropologik gurluşynyň, keşbiniň meňzeş bolmaýşy mysaly, sosial, syýasy, ruhy-ahlak, gündelik eýerýän durmuş ýörelgeleri-de bir galypda bolmak şertinden has çylşyrymlydyr. Şuňa düşünmegiň örän möhümdigi XX asyrda umumadamzat durmuşyny syýasy-jemgyýetçilik taýdan özgertmäge edilen synanyşygyň hem-de häzirki döwrüň global ösüşinde ýüze çykýan ýagdaýlaryň netijesinde anyk ýagdaýda äşgär bolýar. Üçünji müňýyllygyň ösüş ugry umumadamzat gymmatlygy baradaky düşünjä has çynlakaý hem çuňňur üns bermegiň derwaýyslygyny ýüze çykarýar.

Hormatly Prezidentimiziň döwür, döwlet, jemgyýet, şahsyýet baradaky filosofik hem-de syýasy garaýyşlarynda häzirki zaman ählumumy ösüşinde pugta üns berilmeli we hasaba alynmaly möhüm ýagdaýlar düýpli seljerilýär. Syýasy, ideologik, medeni-ynsanperwer, ruhy-ahlak ýörelgelerindäki özboluşlylyk, aýratynlyk, köpdürlülik asla ählumumy öňe tarap hereketiň gapma-garşylygynyň delili bolmaly däldir. Eger saýlanyp alnan milli ösüş ýoly ählumumy kabul edilen halkara hukuga garşy gelmeýän, umumadamzat gymmatlyklarynyň çygryndan çykmaýan bolsa, her bir halk geljege tarap hereketiň şertlerini, delillerini öz taryhy, milli mirasyna, durmuş ýörelgelerine, ruhy-ahlak garaýyşlaryna görä saýlap almaga hukuklydyr. Bu şertleriň amala aşyrylmagy, halkyň saýlan ösüş ýolunyň halkara derejesinde ykrar edilmegi bolsa paýhasly, çuňňur düşünjeli döwlet Baştutanynyň syýasy erkine baglydyr. Hem öz halkynyň arasynda, hem-de halkara giňişlikde döwletiň tutýan ýolunyň giňden ykrar edilmegini gazanyp bilýän milli Lideriň taryhy ornunyň ähmiýetiniň ägirt uludygy wagtyň ýüze çykarýan anyk netijelerdir. Häzirki döwrüň ösen aňyýet şertlerinde döwleti dolandyrmak babatdaky däp bolan ýörelgeleri döredijilikli ösdürmek, täzelenýän ylmy-tehnologik, maddy ýagdaýlara görä özgertmek, syýasy-ykdysady, medeni düzümleri täze döwre çeýelik bilen utgaşdyrmak zerurlygy-da inkär edip bolmajak hakykatdyr. Türkmenistan öz Konstitusiýasynda demokratik, dünýewi, hukuk döwletiniň ýörelgelerini ykrar eden ýurtdur. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasy-hukuk özgertmeleriniň netijesinde demokratiýany amala aşyrmagyň häzirki döwrüň şertlerine laýyk milli ulgamlary we ýörelgeleri, hukuk esaslary, syýasy çemeleşmeleri pugta kemala getirildi. Konstitusion özgertme netijesinde ýurtda iki palataly parlamentiň döredilmegi demokratik hereketi giňeltmekde has möhüm ädim boldy. Döwletiň we jemgyýetiň syýasy işiniň halka has ýakynlygyny gazanmakda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýynyň ösdürilmegi, ýokary döwlet häkimiýetiniň düzümine girizilmegi ýurdumyzyň milli demokratiýa esaslanýan syýasy gurluşynyň ählumumy ykrar edilen halkara hukugyň ýörelgelerine laýykdygyny ýene bir ýola halkara jemgyýetçilige äşgär etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany, milli jemgyýetimizi kämilleşdirmegi, okgunly ösdürmegi ulgamlaýyn we tapgyrlaýyn ýola goýýan hormatly Prezidentimiz ahyrky netijede türkmen döwletiniň taryhy ornunyň ykrar edilmegini gazanmagyň ýoluny tapdy. Her bir pudagyň, her bir ulgamyň, jemgyýetçilik düzümleriniň ýörite işlenip taýýarlanýan maksatnamalar esasynda tapgyrlaýyn ösdürilmegi, umumylykda alnanda, ýurdumyzyň bitewülikde öňe tarap hereketini has çaltlandyrdy. Milli Liderimiziň ýadawsyz tagallasy bilen döwlete, jemgyýetçilige dahylly hiç bir iş, hiç bir pudak umumymilli ösüşlerden çetde galmady, soňa goýulmady. Ýurdumyzyň sebitleri-de deň derejede ösdürildi. Her sebitiň ykdysady mümkinçiliklerine laýyklykda, önümçiligiň döwrebap düzümleri kemala getirildi.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň öňünden kesgitlenilýän çelgileriniň, oýlanyşykly düzülýän meýilnamalarynyň takyklygy, dogrudygy, öňe sürýän pikirleriniň ýerliklidigi, möhümdigi wagt geçdigiçe has aýdyň ýüze çykýar we döwürleriň orta çykarýan meselelerine milli Liderimiziň jogaplarynyň has öňünden taýýardygyna göz ýetirenimizde haýran galýarys. Milli Liderimiziň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Syýasat ykdysadyýete hyzmat etmelidir» diýen pikirleri, aýratyn alnanda, bir ýurduň çäginde gülläp ösüşleri gazanmagyň mümkin däldigi, ýurduň içerki ösüşiniň daşary gatnaşyklar bilen baglydygy baradaky garaýyşlary ählumumy ösüşiň häzirki şertlerinde örän ýerlikli paýhas dürdänelerine öwrülýär.

Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň strategiýasyny anyk kesgitläpdi. Häzirki günde şol Konsepsiýada bellenen çäreleriň wajyplygy has aýdyň ýüze çykýar. 2019-njy ýylyň güýzünde ýüze çykyp ugran ýokanjyň 2020-nji ýylda pandemiýa öwrülmegi bilen, halkara, döwletara hyzmatdaşlygyň, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäklendirilmegi sebitiň ýurtlarynyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny durnukly saklamak baradaky tagallalary birleşdirmek zerurlygyny orta çykardy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen döredilen Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeler mümkinçilikleri şu şertlerde-de sebit hem beýleki hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary netijeli alyp barmaga mümkinçilik berdi. Ýüze çykan täze ýagdaýlar sebit ýurtlarynyň ýygjam gatnaşyklarynyň wajypdygyny subut etdi hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk netijesinde ösüşleri çaltlandyrmagyň, milli bähbitleri goramagyň, ählumumy ösüşe ynamly goşulyşmagyň mümkindigini görkezdi.

Sebitleýin hyzmatdaşlykda ylalaşykly çözülýän meseleler, birek-birege ynam, her bir döwletiň bähbitleriniň özara ykrar edilmegi Merkezi Aziýa we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň özüneçekijiligini artdyran ýagdaý boldy. Dostlukly goňşy döwletleriň berkararlygy pugtalandyrmak, gülläp ösüşleri üpjün etmek, dünýä giňişliginde taryhy orunlaryny berkitmek ugrundaky güýçli tagallalary, ynamly hereketleri sebitiň ählumumy ösüşindäki ähmiýetiniň ýokarydygyny subut edýär. Şeýle şertleriň döremeginde milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň aýratyn ornunyň bardygy ykrar edilen hakykatdyr.

Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň wekili bilen guralan söhbetdeşlikde: «Türkmenler, aslynda, döwlet gurujy halkdyr. Olar irki orta asyr döwründen başlap, birnäçe ýüz ýyllyklaryň dowamynda Merkezi we Günorta Aziýada, Ýakyn hem-de Orta Gündogarda birnäçe döwletleri döredip, olary kemala getirdiler. Munuň şeýledigine köp sanly maglumatlar we resminamalar şaýatlyk edýär. Şonuň üçin men 1991-nji ýyl şanly ýyllaryň biri diýilse, dogry bolar diýip pikir edýärin. Çünki şol ýyldan başlap, türkmen halky garaşsyz ösüşiniňýoluna gaýdyp geldi. Biziň halkymyz gaýtadan içerki daýanç sütünine eýe bolup, döwlet Garaşsyzlygynyň şertlerinde öz durmuşynyň many-mazmunyna we taryhy geljegine göz ýetirdi» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň bu pikiri halkymyz üçin ajaýyp taryhy döwür bolan Garaşsyzlygyň şöhratly ösüş menzillerinde ýeten belent derejesiniň kanunalaýyklygyny ýene bir ýola dünýä ýaýýar.

Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Türkmenistan” gazeti

27.07.2021 ý

 

tags: