Taryhy eýýamyň joşguny

Hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar halkymyz bu gün röwşen geljegini gurýar. Uzak geljegi nazarlaýan täze ösüş maksatnamasynyň kabul edilmegi Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de sazlaşykly ýokarlanmagynyň ýolunda ajaýyp waka öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Diýarymyzyň geçen gysga taryhy we şöhratly döwründe ýeten derejesi buýsanja mynasypdyr. Diňe, geçen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň özünde durmuşyň dürli ugurlarynda üstünlikli durmuşa geçirilen işlere nazar aýlanymyzda hem kalbymyz şatlykdan dolýar. Geçen, 2021-nji ýylda diňe Ahal welaýatynyň özünde dürli maksatly desgalaryň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda welaýatymyzda Kaka, Babadaýhan dokma toplumlarynyň, Kaka we Ak bugdaý etraplarynda döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň, Aşgabat — Türkmenabat awtoulag ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkeziniň toý ruhunda açylmagy taryhy ähmiýetli wakalar boldy. Mundan başga-da, welaýatymyzda döwrebap orta mekdepleriň 5-siniň, Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň täze binasynyň, Änew şäherinde 4 gatly köp öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp, ulanylmaga berlendigini bellemek juda ýakymly. Oba zähmetkeşlerimiz, maldarlarymyz, önüm öndürijilerimiz hem geçen ýyly ýokary görkezijiler bilen jemlediler.

Geçen ýyldaky ajaýyp üstünlikleri, zähmet ýeňişleri ulus-ilimize täze döwre — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylan döwre belent watansöýüjilik ruhy, egsilmez buýsanç bilen gadam basmaga hyjuw berdi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden taryhy çykyşy bolsa, bu ugurda her birimize aýratyn ruhubelentlik berip, Watanymyzyň taryhy ösüşlerine işjeň gatnaşmaga we goşant goşmaga itergi berýär. Halkymyzy ösüşiň täze belentlikleri bilen röwşen geljege tarap alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.

Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri

“Ahal durmuşy” gazeti

16.02.2022 ý

 

tags: