TDP-niň döredilmeginiň 30 ýyllygyna

Arkadagyň ak ýoly bilen

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy döredilen ilkinji günlerinden özüniň Maksatnamasyna we Tertipnamasyna laýyklykda ähli syýasy-guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmäge, ýurtda agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmaga gönükdirdi. Garaşsyzlygyň ähli döwürlerinde ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatlaryny halk köpçüligine düşündirmek işleri giňden ýaýbaňlandyryldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleri öz işlerini hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň gurultaýlarynda, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarynda taryhy--syýasy ähmiýetli sözlän sözünden, beren tabşyryklaryndan milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen özgertmelerinden, öňe sürýän başlangyçlaryndan gelip çykýan wezipeleri giňden wagyz-nesihat etmeklige, düşündirmeklige gönükdirdiler.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki maslahatlarynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlardaky beýik özgerişlikler, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlislerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak barada beren görkezmelerinden gelip çykýan wezipeler barasyndaky meseleler yzygiderli ara alnyp maslahatlaşyp, degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen gymmatly eserleriniň many-mazmunyny wagyz-nesihat etmek boýunça tanyşdyryş dabaralaryny, duşuşyklary, söhbetdeşlikleri yzygiderli geçirýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýatymyzdaky guramalary Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda partiýa agzalaryny, welaýatymyzyň ýaşaýjylaryny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga, olarda mähriban welaýatymyza guwanjy, buýsanjy artdyrmaga, bu şanly sene mynasybetli döredijilikli zähmete ruhlandyrmaga gönükdirilen dürli çäreler täsirli alnyp baryldy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleri partiýa guramaçylyk işlerini kämilleşdirmek, mynasyp adamlaryň hasabyna partiýa agzalarynyň sanyny artdyrmak boýunça işleri netijeli alyp barýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleri hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini wagyz-nesihat etmek, durmuşa geçirmek boýunça işleri netijeli alyp barýarlar.

Ýurdumyzy gülledip ösdürmekde, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde bimöçber işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Kakageldi Gurbanow, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

02.12.2021 ý

 

tags: