«Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik

BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY: ÖSÜŞLERE BADALGA BERÝÄN BELENT WEZIPELER

Hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň belent tutumlarynyň hataryny artdyran umumymilli forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi-de geçirilip, onda geçen ýyl alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Halk Maslahatynyň mejlisinde bolsa geljek 30 ýyl üçin möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň beýleki ugurlarynyň meselelerine hem aýratyn üns çekildi.

Golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň guramagynda, umumymilli foruma gatnaşan ildeşlerimiz bilen «tegelek stoluň» başynda geçirilen söhbetdeşlik hem maslahatdan galan täsirlere ýugruldy. Oňa Milli Geňeşiň mejlisiniň deputaty, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Täçmyrat Mätgeldiýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri:

— Döwleti dolandyrmakda, halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen her bir başlangyçlarynda ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýän hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda geçen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň geljekki ösüşlerine, täze maksatly tutumlaryna badalga berdi. Bagtyýar halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy waka hökmünde orun alan bu forum gün tertibinde seredilen meseleleriň köpdürlüligi bilen aýratyn ýatda galyjy boldy. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, geçen ýylyň jemleri boýunça degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, olaryň alyp baran işleriniň netijelerine baha berdi. Şeýle hem şu ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Düýnden şu güne we şu günden ýagty ertire tarap ugur alan maksatly wezipeler tutuşlygyna adam hakdaky alada ýugrulandygy bilen aýratyn gymmatlydyr. Munuň şeýledigi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň gazanylanyndan soňra geçen 30 ýylyň içinde döwletimiziň tanalmaz derejede özgermeginiň, uly ykdysady kuwwata eýe bolmagynyň, berk binýatly, bäsdeşlige ukyply ösen döwlete öwrülmeginiň mysallarynda-da aýdyň görünýär. Halk, Watan, Arkadag — bu aýrylmaz baglanyşykly hem mizemez mukaddeslikler türkmen döwletiniň jahan içre at-owazasynyň belende galmagyny, halkyň häzirki zamanyň ösen derejesine mahsus ýaşaýşyny üpjün edýändigi bilen kalplarda hemişelik orun alandyr. Bu hakykat Halk Maslahatynyň mejlisinde tassyklanan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» mysalynda hem aýdyň görünýär. Bu beýik işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň ady bilen berk baglanyşyklydyr we ol biziň öňümizde täze maksatnamalaýyn wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyň borçlaryny goýýar. Şol borja ygrarly bolup zähmet çekjekdigimize, il-ýurdumyzyň ýagty geljegi üçin başarnygymyzy gaýgyrmajakdygymyza ynandyrýarys.

Söhbetdeşligi ýazga geçiren Mahym Piriýewa, “Daşoguz habarlary”

“Daşoguz habarlary” gazeti

17.02.2022 ý

 

tags: