Tutumly işlere badalga

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi, onda il gün bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Mejlisiň dowamynda 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işlere giňişleýin seljerme berildi.

Hasabatlardan görnüşi ýaly, dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýändigine garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüşiň gazanylandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Geçen ýyl biziň welaýatymyz üçin hem şowly ýyllaryň biri boldy. Welaýatymyzda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýyladyşhanalaryň, guşçulyk toplumlarynyň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Welaýatymyzyň edermen babadaýhanlary döwlete galla, pagta, gant şugundyryny, pile, gök-bakja önümlerini tabşyrmak barada şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň welaýatymyza Şa gadamynyň düşmegi bilen, “Galkynyş” gaz käninde gaz guýularynyň, şäherimizdäki “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda köpçülikleýin dabaralar merkeziniň gurluşyklaryna badalga berildi. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň Oguzhan etrabynda döwrebap obanyň, Wekilbazar, Sakarçäge, Türkmengala etraplarynda nusgalyk şäherçeleriň we beýleki birnäçe desgalaryň gurluşyklary alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyş edip, Bitarap Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda ähli ugurlar boýunça gazanylan üstünliklere ýokary baha berdi.

Hakykatdanam, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen durmuş-ykdysady ösüşler, syýasy-jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegi asyrlaryň dowamynda gazanylan netijelere barabardyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyzyň dünýä bileleşiginde ykrar edilen başlangyçlary bilen halkara derejesinde abraýynyň barha artandygy, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň geçirilendigi aýratyn bellemäge mynasypdyr.

Kakageldi Gurbanow, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“MARU-ŞAHU JAHAN” gazeti

14.04.2022 ý

 

tags: