TUTUMY ZAMANA ÝARAŞYKLY WATAN

Ildeşlerimiz köňül töründen joşup çykan senaly sözleri bir şygara jem edip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günleriniň ajaýyp pursatlaryna şaýat bolýarlar. Gahryman Arkadagymyz bilen halkymyzyň baky bitewüliginiň sazlaşygyny emele getiren şu ýylyň şygary ýurdumyzyň şuglaly ýol bilen ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly barýandygynyň güwäsine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen bolsa bu ynam has-da pugtalanýar. Ony şu ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň sebitleri maksatnamalaýyn ösdürmek babatdaky wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşmak maksadynda welaýatlara amala aşyran iş saparlary aýdyňlygy bilen tassyklady. Milli Liderimiziň iş saparlarynyň çäklerinde zähmet adamlary bilen duşuşyp, olaryň hal-ýagdaýy bilen içgin gyzyklanmagy ýüreklerde buýsanç hem guwanç duýgularyny döredip, halkymyzy döredijilikli hem tutanýerli zähmete ruhlandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda şu ýylyň 11-nji fewralynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçirilmegi bellenilip, onda geljek 30 ýylda ýurdumyzy ähli babatda ösdürmegiň wezipelerini kesgitleýän täze Maksatnama kabul ediler. Döwletimiziň hem halkymyzyň geljek 30 ýyllyk döwürde ykbalyna öwrülişikli täsir etjek bu taryhy ähmiýetli başlangyç «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny has-da dabaralandyrjak ajaýyp waka öwrüler.

Ýurdumyzda gazanylýan şeýle üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler döwletimiziň parlak geljegi üçin has-da gaýratly işlemäge, döretmäge bolan hyjuwy artdyrýar. Häzirki wagtda milli Liderimiziň töweregine jebisleşip, ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirmekdäki wezipelere işjeň gatnaşýan bagtyýar raýatlarymyz döwletimiziň dünýäde bolup geçýän ýagdaýlara garamazdan, diňe öňe, bedew batly ösüşlere ak ýol alýandygyna guwanyp, buýsanyp ýaşaýarlar, işleýärler, gurýarlar, döredýärler.

Döwür bilen aýakdaş gidýän şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilmegine TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň agzybir işgärleri, işjeň partiýa agzalary hem ýakyndan gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyny, sagatsaýyn gazanylýan ösüşleri, döwrebap tutumlary, halkymyz we dünýä jemgyýetçiligi üçin öňe sürülýän başlangyçlary giňden wagyz edýärler. Bize şeýle derejeli döwletde ýaşamaga, halal hem tutanýerli zähmet çekmäge ähli şertleridir mümkinçilikleri döredip berýän, bu babatda hemişe görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Allanazar Müňbaýew, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy

“Daşoguz habarlary”

03.02.2022 ý

 

tags: