ÝURDUMYZ — PARAHAT, ILIMIZ — BAGTYÝAR

Hemişelik Bitaraplyk şöhratly taryhymyzyň, şu günümiziň we geljegimiziň döwletli ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrýan beýik işleri il-ulsumyz tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, döwletiň hem jemgyýetiň durmuşyna degişli her bir ugurda ösüş gazanmak maksady bilen öňe sürülýän giň möçberli özgertmeler barha rowaç alýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, oňyn özgertmeler hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň aýdyň netijeleridir. Bu beýik işleriň özeninde bolsa milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly şygary öz aýdyň beýanyny tapýar. Bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýewi, demokratik we hukuk döwleti hökmünde gülläp ösýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän ynsanperwer syýasatyň netijesinde türkmen jemgyýetiniň binýady berkeýär. Bitaraplyk — bagtyýarlygyň gözbaşy. Hormatly Prezidentimziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary BMG we beýleki abraýly halkara guramalary tarapyndan yzygiderli goldanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde Bitarap Türkmenistan dünýäniň ösüşine dahylly meseleleri çözmekde halkara derejesinde uly ynama we abraýa eýe boldy. Ýyllar toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi biragyzdan ykrar edildi. Şol günden bäri geçen 25 ýylyň içinde türkmen Bitaraplygy baý tejribe toplady. Ýurdumyz özüniň Bitaraplyk ýörelgesine wepaly bolmak bilen, dünýä ýurtlary hem-de iri halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrdy. Şu günler dünýä ýaň salan baky Bitaraplyk baýramy agzybir türkmen halkynyň köňül baý ramydyr. Ol külli türkmeniň bagtyýarlyk döwrüniň dowamata dowamlygynyň baýramydyr. Halkymyz bu şanly baýramy zähmet ýeňişlerine besleýär. Çünki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe nesillere nusga, asyrlara dowam boljak beýik işler yzygiderli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň işjeňleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli etrabymyzda, welaýatymyzda geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň şowhunly geçmegine ýakyndan ýardam berýärler. Geçirilýän çärelerde hemişelik Bitaraplygymyzyň ýurdumyzyň abadançylygyny, parahatçylygyny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edilýär. Şeýle çäreleriň biri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde «Hemişelik Bitaraplyk — geçmişimiziň we geljegimiziň ýörelgesi» atly şygar astynda geçirildi. Çäre oňa gatnaşanlarda baky Bitaraplygymyza bolan beýik buýsanjy goşalandyrdy.

Adalat Husainowa, TDP-niň Dänew etrap komitetiniň hünärmeni

“Türkmen gündogary” gazeti

03.12.2020 ý

 

tags: