Ýurdumyzy galkyndyrýan beýik özgertmeler

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda jemi içerki önümiň ösüş depginini 2025-nji ýylda has artdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu wezipeleri üstünlikli çözmekde, umumy maýa goýumlarda onuň önümçilik ulgamyna gönükdirilen paýynyň ýokary bolmagyny gazanmakda ylmy esaslarda taýýarlanylýan maksatnamalaryň, aýratyn-da, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti uludyr. Çünki häzirki döwürde daşary ýurtlar bilen söwda dolanyşygynyň giňelmegi döwletleriň girdejileriniň artmagyna hem-de ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam berýän ösüşiň hereketlendiriji güýji bolup durýar. 

Häzirki döwürde dünýäniň ösen we batly gadamlar bilen ösýän döwletlerinde elektron söwdasy ýokary derejelere göterilip, onuň hereketlendiriji täsiri işewürlik gurşawa, şeýle-de ýurtlaryň ilatynyň ýaşaýşynyň ýokary bolmagyna täsir edýär.

Şonuň üçin hem häzirki wagtda ykdysadyýetde gowy netije gazanmak üçin maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary giňden ulanylýar. Ol XXI asyrda jemgyýetiň ösüşine uly täsir edýän ýagdaýlaryň biri bolup durýar. Şonuň ýaly-da uly möçberdäki maglumatlary ýygnamaga we jemlemäge, jemgyýeti netijeli dolandyrmaga, global maglumat meýdanynda aragatnaşygy işjeňleşdirmäge mümkinçilikleri açýar, ýurduň bäsleşige ukyplylygynyň derejesine oňyn täsir edýär.

Bularyň ählisi jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň özgermegine getirýär, adamlar önümçilikde, dolandyryşda, beýleki ugurlarda döwrüň talaplaryna laýyklykda, özara hil taýdan täze gatnaşyklara girişýärler. Şeýle şertlerde öndüriji güýçler hem has ýokary depginler bilen ösýär. Adamlaryň şeýle täze gatnaşyklarda bolmagy, olaryň dünýägaraýşynyň, ymtylmalarynyň, ideýalarynyň özgermegine-de getirýär. Şunuň bilen bir wagtda, önümçilik gatnaşyklary ahyrky netijede adamlaryň ruhy dünýäsi bilen baglanyşykly beýleki ähli gatnaşyklaryň — syýasy, hukuk, ahlak gatnaşyklaryň häsiýetini kesgitleýär.

Ösýän döwletleriň hatarynda biziň ýurdumyzda-da şeýle täzelikleriň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy ähli ugurlarda hil taýdan täze belentliklere tarap ýol alnandygyny aňladýar. Täze şertlerde ylmyň gazanan täzeliklerine daýanyp, ýurdumyzy ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Rahimbaý Kurambaýew, TDP-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Daşoguz habarlary” gazeti

28.04.2022 ý

 

tags: