ÝURT GARŞY ALSYN!

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen barha gülläp ösýän Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara, beýik üstünliklere beslenip gelýär. Ynha, şeýle bagtyýarlyga beslenen günlerde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň Garaşsyzlyk ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin 4 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýy açylyp, ulanylmaga berildi.

Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin ýokary amatlyklary bolan, döwrebap ýaşaýyş jaýlary halkymyza sowgat edildi. Änew şäheriniň merkezinde gurlan ýaşaýyş jaýy Aşgabat şäheriniň «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Iki, üç, dört otagdan ybarat bolan bu döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda bagtyýar raýatlarymyz jaý toýlaryny toýladylar. Ýaşaýyş jaýlary döwrebap mebeller we hojalyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Öý bikeleri üçin döwrebap aşhana enjamlary oturdylypdyr.

Täze jaýlaryň açylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, mährem eneler, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de gurluşykçylar gatnaşdylar. Medeniýet ulgamynyň wekilleri bolsa özleriniň ajaýyp çykyşlary bilen dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Içeri işler edaralarynyň hormatly weteranlarynyň, il sylagly ýaşulularyň, polisiýa işgärleriniň wekilleriniň eden täsirli çykyşlary dabarada gyzgyn garşylandy. Jaý alan bagtyýar raýatlaryň kalbyndan syzylyp çykýan arzuwlarda hormatly Prezidentimize bolan alkyşly sözler belentden ýaňlandy. Öýli bolmak bagtyna eýe bolan bagtyýar raýatlar, şeýle bagtly günleri peşgeş beren hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar. Bizem täze jaýa giren ildeşlerimize «Ýurt garşy alsyn!» diýýäris.

Çemen Könäýewa, TDP-niň Ak bugdaý etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

“Watan” gazeti

06.11.2021 ý

 

tags: