WATANSÖÝÜJILIGIŇ MEKDEBI

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň baý ruhy-medeni mirasyna bagyşlanan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň hut baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda elimize gowuşmagy çuň many-mazmuna eýe boldy.

Golaýda Kerki etrabynyň 7-nji orta mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi guraldy. Dabarada çykyş edenler «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserindäki çuňňur manyly pikirleriň, many-mazmuna baý tymsallaryň terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygyny belläp geçdiler.

Gülşirin Abdyrahymowa, TDP-niň Kerki etrap komitetiniň hünärmeni

“Galkynyş gazeti”

11.11.2020 ý

tags: