WATANYŇ KUWWATY BILIMLI NESIL

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň ösüşiniň ähli ugurlarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, giň düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli ýokarlandyrylýar.

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» döwrüň talabyna laýyk gelýän, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olaryň okamagy we zähmet çekmegi üçin oňyn şertleri döretmekde, saglygyny goramakda, ýaşlar telekeçiligini ösdürmekde, bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekde, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna goldaw bermek üçin şertleri döretmekde möhüm resminama bolup durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz tarapyndan bilim ulgamyny ösdürmekde, ony halkara derejelerine çykarmakda uly tagallalar edilýär. Ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan habarly bolmaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkemegi bilen, ýaşlaryň iň kämil tehniki serişdelerinden, internet torundan peýdalanmaklaryna giň ýol açyldy. Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda uly özgerişleri amala aşyrmakda alnyp barylýan işlere bilimli, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary çekmek maksady bilen, täze, döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, olarda döwrüň talabyna laýyk gelýän täze hünärler yzygiderli açylýar, berkarar Watanymyzyň, şeýle hem dünýä ýurtlarynyň abraýly bilim ojaklarynda okamak üçin giň mümkinçilikler we ähli şertler döredilýär. Ýaşlaryň bilim derejeleriniň artdyrylmagy göz öňünde tutulyp, okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň taýýarlanyşy kämilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde berkarar döwletimizde ýaşlara yzygiderli goldaw bermek maksady bilen dürli ugurlarda bäsleşikler, maslahatlar, sergiler, festiwallar we beýleki çäreler guralýar, ylmy-usuly gollanmalar, maglumat-görkezme esbaplary, ylmy-barlag, gözleg-agtaryş serişdeleri ýokary hilde işlenip taýýarlanylýar, şeýle-de türkmen ýaşlarynyň halkara derejesinde dürli ugurlar boýunça geçirilýän bäsleşiklerde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Häzir ýurdumyzyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny durmuşa geçirmek, ylym ulgamy bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň arabaglanyşygyny berkitmek, ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny edara-kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde ýerine ýetirilýän düýpli, amaly we ylmy-barlag işlerine çekmek, häzirki zaman ylmyndan habarly ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, Türkmenistanyň ylmy-barlag institutlarynyň, edara-kärhanalarynyň düzümini ýaş alymlar bilen berkitmek baradaky wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy beýleki iri jemgyýetçilik guramalary bilen milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda hem-de «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 26-njy fewralynda ýaşlar syýasaty boýunça geçiren maslahatynda beren tabşyryklaryndan, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ýaşlarymyza milli gymmatlyklarymyzyň gözbaşlaryny we taryhyny düýpli öwretmek, many-mazmunyny ösüp gelýän ýaş nesillere düşündirmek, arassa ahlakly, ylymly-bilimli, watançy nesli kemala getirmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar.

Türkmen ýaşlarynyň bagtyýar durmuşyny we röwşen geljegini üpjün etmek babatda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Pena AŞYROW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň guramaçylyk we syýasy işleri bölüminiň müdiri.

“Nesil” gazeti.

 

tags: