Watanymyz — guwanjymyz

Agzybir halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlyk baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen toýlady. Watanymyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň buýsanjy, bagtyýarlygyň, döwletliligiň we agzybirligiň aýdyň nyşany. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda, has takygy, 25-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde döwletli maslahat — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçirildi. Ol «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly wakalaryň biri boldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzda ähli ulgamlarda ösüşiň belent sepgitlerine ýetildi. Häzirki wagtda Diýarymyzda oňyn özgertmeleriň uly toplumynyň amala aşyrylmagy netijesinde durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini bütin dünýä ykrar edýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynda eden taryhy çykyşlarynda deputatlaryň öňünde Garaşsyz Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, zähmet çekmegini, dynç almagyny, raýatlarymyzyň bilimlerini, hünärlerini ýokarlandyrmaklaryny üpjün etmäge gönükdirilen kanunlary taýýarlamagy we kabul etmegi esasy wezipe edip goýdy. Şol wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň, welaýatyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda maslahatlar geçirilýär. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk döwründe gazanylan üstünlikler we öňde durýan belent wezipeler barada» diýen gün tertibi bilen geçirilýän maslahatlar muňa aýdyň mysaldyr. Olara ýaşuly nesliň wekilleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Maslahatlarda çykyş edýänler döwlet Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren miweleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzyň uly ösüşlere eýe bolýandygy, bagy-bossanlyga öwrülýändigi, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň barha ýokarlanýandygy barada uly guwanç bilen nygtaýarlar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi nurana geljege tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

Kakageldi Gurbanow, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Watan” gazeti

09.11.2021 ý

 

tags: