WATANYMYZYŇ HUKUK BINÝADY

Täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly meseleleriň ýurdumyzyň raýatlary we jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýandygy, olardan ýüzlerçe teklipleriň gelip gowuşýandygy, ol teklipleriň içgin öwrenilip, göz öňünde tutulyp taýýarlanylan «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny giňden ara alnyp maslahatlaşmak boýunça alnyp barylýan işler möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň geçirilmegi Watanymyzyň durnukly ösüşine gönükdirilen maksatnamalaýyn wezipeleriň amala aşyrylmagynyň berk hukuk binýady bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin hem iki palataly Parlament ulgamynyň döredilmeginiň ähmiýetliligi barada Gahryman Arkadagymyz aýratyn belleýär. Elbetde, bu ulgamyň türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge mümkinçilik berjekdigi guwandyryjydyr. Konstitusion özgertmelere ýurdumyzyň alymlarynyň, döwlet häkimiýet edaralarynyň işgärleriniň, hünärmenleriň we raýatlarymyzyň, şeýle hem ýaşlaryň çekilmegi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen bu ugurda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň mazmunynyň halk köpçüligine düşündirilmegi we wagyz edilmegi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmekde öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde giň mümkinçiliklere eýedir.

Golaýda Wekilbazar etrabyndaky bilim ojaklaryna degişli kitaphanalaryň işgärleri bilen geçiren maslahatymyzda hem ýurdumyzda milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler barada aýratyn durlup geçildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň welaýatymyzyň çägindäki okruglara degişli deputatlary, syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde taslamany ara alyp maslahatlaşmak boýunça maslahatlary yzygiderli guraýarys. Edara-kärhanalarda, okuw mekdeplerinde, geňeşliklerde geçirilýän duşuşyklarda, ýygnaklarda, söhbetdeşliklerde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň käbir maddalaryna nähili üýtgetmeleriň girizilýändigi, olaryň Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekdäki, halkara abraýyny belende götermekdäki ähmiýeti giňden düşündirilýär. Giň ge rimde geçirilýän maslahatlara gatnaşýan bagtyýar raýatlarymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilýän üýtgemeleri doly goldaýandyklaryny aýdyp, öz pikir garaýyşlaryny beýan edýärler hem-de teklipleri hödürleýärler. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmagy has çuňlaşdyrmak bilen bagly taryhy başlangyjynyň maksatlary barada halkyň arasynda anyk düşünjeleriň we garaýyşlaryň döremeginde we ösmeginde giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Tawus GYLYJOWA,

TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy.