Welosiped sürmegiň peýdasy

Orta asyr akyldarlarynyň birinde şeýle söz bar: “Hereket islendik dermanyň täsirini berip biler, emma ähli dermanlar birleşip, herekediň täsirini berip bilmez”. Elbetde, hereket etmegiň peýdalydygyna her kes düşünýär. Lukman Hekim bu barada şeýle diýipdir: “Her gün beden maşklary bilen meşgullanýan adam lukmana mätäç däldir”. Beden maşklarynyň içinde welosiped sürmek özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Mälim bolşy ýaly, welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak aňsat.

Döwletimiziň başlangyjy bilen, şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama kabul edildi. Dünýä döwletleriniň 62-si Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilen bu Kararnamanyň döredijileri boldular.

Bu Kararnamanyň kabul edilmegi biziň Watanymyzda welosiped sportuna uly üns berilýändigine berlen mynasyp bahadyr. 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň hem Garaşsyz ýurdumyzyň başlangyjy boýunça hödürlenendigini, şeýle-de, 2018-nji we 2019--njy ýyllarda Aşgabatda welosiped bilen bagly iki görkezijiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini ýatlasak artykmaçlyk etmese gerek. Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, «Welosiped» binasynyň açylmagy Türkmenistanda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň güwäsi boldy.

Welosiped ýöne bir hereket etmegiň serişdesi däl, ol syratly beden gurluşyny emele getirmäge, saglygy berkitmäge, şähdiňi açmaga ýardam edýän we adama oňaýly täsir edýän örän oňat, köptaraplaýyn ulagdyr. Welosiped adamyň saglygyna toplumlaýyn täsirini ýetirýär. Ol özüňi duýşuňy, daş keşbiňi, psihologik ýagdaýyňy rahatlandyrýar, saglygyňy berkidýär, ukyňy kadalaşdyrýar.

Welosiped sürmegiň netijesinde gan aýlanyş gowulanýar, bogunlar zerur bolan türgenleşigi alýar, aýaklaryň, ýanbaşyň, garyn boşlugynyň, göwräniň, eldir egniň myşsalary gowy işleýär. Şonuň ýaly-da, welosiped sürmek gowy dynç alyşdyr. Welosiped sürlen wagtynda beden süňkleriniň 206-sy, myşsalarynyň bolsa 600-e golaýy işjeň herekete gelýär we özara sazlaşygyň saglyk üçin iň peýdaly ýagdaýyny döredýär. Bedendäki bar bolan ähli kiçijik damarlaryň işe girmegi bilen öýjüklere gerek bolan kislorod üpjünçiligi kadalaşýar we umumy işjeňlik artyp, beden berkeýär.

Welosipedi dolandyrýan pursadymyzda hereket etmeýän örän köp sanly myşsalar hem işläp başlaýar. Welosiped sürlen wagtynda bedende bolup geçýän fiziki ýagdaýlaryň täsiri, sürüp bolanyňdan soň hem 2-3 sagatlap dowam edýär. Şeýle hem bedendäki madda çalşygynyň durnukly ýagdaýda saklanmagyna, emele gelen artykmaç ýaglaryň aradan aýrylmagyna getirýär.

Bu ulagyň sessizligini we şähdiňi açmaga ýardam edýändigini hem aýratyn bellemek gerek. Welosiped sportuna, Diýarymyzda uly üns berilmegi halkyň saglygy barada ýokary derejede alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle ajaýyp işleri üçin hormatly Prezidentimize köp-köp sagbolsun aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara ýaran bolsun!

Hekimberdi Orazberdiýew, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy

“MARU-ŞAHU JAHAN”

02.06.2022 ý

 

tags: