WEZIPELER — ANYK, MAKSATLAR — AÝDYŇ

Düýn ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri: anyk wezipeler, aýdyň maksatlar» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisi, Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeş, Bilim ministrligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan maslahatda milli Liderimiziň umumymilli forumda eden maksatnamalaýyn çykyşy dogrusynda köptaraplaýyn gürrüň edildi, geljekki öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hem-de umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeleriň esasynda hereket edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi üstünlikli geçirildi. Halk Maslahatynyň nobatdaky taryhy mejlisi halkymyzyň we döwletimiziň bähbitlerine gönükdirilen möhüm teklipleriň öňe sürlen we döwletli kararlaryň kabul edilen maslahaty boldy. Umumymilli forumda ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça möhüm çözgütler kabul edildi hem-de ýakyn geljek üçin döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigini nygtap, iki palataly ulgama geçmegi we Halk Maslahatyny hem-de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmak boýunça degişli teklipleri işläp taýýarlamagyň zerurdygy hakynda aýtdy. Milli Liderimiziň bu teklibiniň umumymilli foruma gatnaşyjylar hem-de ýurdumyzyň deputatlary tarapyndan doly makullanandygyny maslahata gatnaşyjylar kanagatlanma bilen bellediler. Häzirki zaman dünýäsinde bolup geçýän syýasy, ykdysady we ylmy-tehniki özgertmeler ýurdumyzyň milli kanunçylygynyň işiniň has-da pugtalandyrylmagyny hem-de döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda öňe çykarýar. Iki palataly ulgama geçilmegi halkymyzyň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge ýardam berer. Maslahatda edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň bu teklibiniň ýurdumyzda hereket edýän köppartiýalylyk ulgamynyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge zerur şertleri döretjekdigi dogrusynda biragyzdan nygtaldy.

Milli Liderimiz taryhy çykyşynda daşary syýasat, ykdysadyýet, nebitgaz, elektroenergetika, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, oba hojalygy ýaly ugurlarda bir ýylda ýetilen sepgitleri açyp görkezýän anyk görkezijilere ünsi çekdi hem-de geljekde öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda halkymyzyň döredijilikli zähmetine aýratyn ornuň degişlidigini nygtady. Maslahatda hut şu ugurlarda ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňe sürlen teklipleriň, başlangyçlaryň ähmiýetini halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek boýunça giňişleýin gürrüň edildi. Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň sazlaşykly we üstünlikli amala aşyrylmagynyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýtdylar.

Aýgül RAHYMOWA.

«Türkmenistan».

 

tags: