Ygtybarly geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän wakalar Gahryman Arkadagymyzyň kemala getiren, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän döwletlilik ýolunyň halkara ähmiýetini barha giňden açyp görkezýär, döwletiň, halkyň ynamly şu güni, ygtybarly geljegi üçin alnyp barylýan syýasatyň nusgalyk ýollarynyň we tejribesiniň düýp mazmunyny salgy berýär.

Syýasat döwletiň maksatlaryny durmuşda şöhlelendirýän iň zerur hereket bolup, onuň netijeleri ýurduň, halkyň ösüşinde anyk ýagdaýlar bilen ýüze çykan halatynda, hakyky demokratiýanyň, dünýewi, hukuk döwletiniň ynamly ösüş ýoluna öwrülýär, umumadamzat gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde öňde goýlan maksatlara ýetmäge şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň döreden, kämilleşdiren, dünýä derejesine çykaran döwlet syýasatynyň ählumumy ösüşiň häzirki döwürdäki çagyryşlaryna jogap bolup orta çykýandygynyň, halkara derejede ykrar edilýändiginiň sebäbi hem şunda bolsa gerek.

Ýurt üçin, halk üçin bitirilen we bitirilýän işleriň ýokary derejesi milli çäkden daşarda-da giňden tanalan, öwrenilen halatynda, döwlet syýasatynyň ynsanperwer mazmuny has aýdyň ýüze çykýar. Durmuş hakykaty bolsa ýokary ideýalary öňe sürmek bilen çäklenmän, beýik maksatlaryň hakyky iş ýüzünde öz beýanyny tapmagy netijesinde döwlet syýasatynyň nusgalyk ýoluna öwrülýändigini subut edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda geçirilýän halkara çäreleriň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilmegi bilen birlikde, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent derejämizi dünýä ýaýmakda hem ähmiýeti uludyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen we hormatly Prezidentimiziň giňden goldaw bermeginde geçirilýän halkara çäreleriň çäklerinde sergileriň, medeni-köpçülikleýin çykyşlaryň, tanyşdyrylyş dabaralarynyň guralmagy, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň daşary ýurt dillerinde neşir edilmegi şeýle maksatlardan ugur alýar.

Şu ýylyň 12-13-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we şu döwletleriň zenanlarynyň dialogy häzirki zaman dünýä ösüşinde ygtybarly geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy ösdürmekde täzeçe çemeleşmeleriň, anyk maksatlaryň, aýgytly hereketleriň zerurlygyny ýene bir gezek äşgär görkezdi. Döwletara gatnaşyklaryň ynsanperwer mazmunyna aýratyn üns bermegiň, birek-biregiň häzirki ösüş ýollaryny öwrenmegiň, halklarymyzyň ýakynlaşmagy, biri-biri bilen düşünişmegi üçin tagallalary güýçlendirmegiň möhümdigini açyp görkezdi. Çünki dünýä ýagdaýlary özgerýär we asuda, parahat geljegi üpjün etmek üçin ynsanperwerlige ýugrulan tagallalary birleşdirmegiň derwaýys wezipelerini öňe çykarýar.

Biziň sebitimiziň dünýä ösüşlerine aýgytly täsir eden beýik taryhy bar, ol ynsanperwer pikirleriň ojagydyr. Biziň ýurtlarymyz, halklarymyz umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşupdyrlar. Her bir halkyň döreden milli mirasynyň köpöwüşginli, baý mazmunly, özboluşly gymmatlyklary häzirki zamanyň ösen şertlerinde has özüne çekiji görünýär. Hut şonuň ýaly-da, Garaşsyz döwletlerimiziň alyp barýan syýasaty, ösüş ýollary geljege ynamy artdyrýan, gatnaşyklaryň ygtybarly mazmunyny barha baýlaşdyrýan aýratyn bir tejribe hökmünde ýüze çykýar. Bu tejribe barada söz açylanda syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-ynsanperwer ulgamda, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda gazanylan üstünlikleriň ýokarydygyny belläp bileris.

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny diňe bir türkmen halkynyň däl-de, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbitlerini göz öňünde tutýan parahatçylyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen ýörelgeler bilen has kämilleşdirmek barada uly işleri bitirdi we bu işleri Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde üstünlikli dowam etdirýär. Merjen paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy milli Liderimiziň parahatçylyga, ynanyşmaga, hyzmatdaşlyga gönükdirilen başlangyçlarynyň halkara derejede meşhurdygyny we ykrar edilýändigini ýene bir gezek subut etdi. Forumda çykyş eden myhmanlaryň ählisiniň bu hakda nygtap bellemegi, doganlyk ýurtlaryň ýörite sylaglarynyň gowşurylmagy milli Liderimiziň abraýynyň ýokarydygyny görkezýän buýsandyryjy waka boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň «Azerbaýjan dünýäsi» halkara žurnalynyň we «Dede Gorkut» milli gaznasynyň «Ýer ýüzünde parahatçylygy üçin» atly milli baýragynyň hem-de «Ulu türk» altyn ordeniniň, Azerbaýjanyň Ýaşulular Geňeşiniň «Hormatly aksakgal» altyn ordeniniň we GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredilen ýubileý medalynyň gowşurylmagy milli Liderimiziň halkara derejedäki belent abraýynyň aýdyň subutnamasydyr.

Forumyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegine uly goldaw beren hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu halkara çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine we «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar» diýip belledi we halkara gatnaşyklarda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze pelsepäniň işjeň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýetini aýratyn bellemegi dünýä ösüşiniň häzirki çylşyrymly ýagdaýlarynda döwletara, halkara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurlygyndan gelip çykýan möhüm wezipedir. Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň üpjün edilmeginde esasy orunlaryň birini eýeläp geldi we öz tutýan ornuny has-da pugtalandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Parlamentara forumda çykyş etmek bilen, ählumumy ösüşiň häzirki pursatlarynda ýüze çykýan meseleleri çözmäge goşant goşmakda parlamentara gatnaşyklaryň möhüm ornuny belledi. Milli Liderimiziň: «Men häzirki wagtda parlament diplomatiýasynyň parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolmalydygyna berk ynanýaryn... Bu babatda biz işjeň we batyrgaý işlemelidiris, tutuş dünýäde gapma-garşylyklary aradan aýyrmaga we olaryň öňüni almaga, garaýyşlaryň ýakynlaşmagynyň ýollaryny gözlemäge gönükdirilen täze pikirleri we çemeleşmeleri teklip etmelidiris» diýen sözleri ählumumy meseleleriň çözülmeginde her bir pikiriň, her bir tagallanyň örän zerurdygyny, möhümdigini görkezýär.

Parlamentara forumda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň parlament ýolbaşçylarynyň we beýleki myhmanlaryň çykyşlary biziň sebitimiziň ýurtlarynyň dünýä giňişliginde öz orunlaryny we täsirini has berkidýändigini äşgär etdi. Syýasatda-da, ykdysadyýetde-de, ynsanperwer ugurlarda-da sebit ýurtlaryna uly geljegiň garaşýandygyna bolan berk ynam çykyşlaryň düýp mazmunynda aýratyn ýüze çykdy. Munuň üçin tagallalary birleşdirmeli, sebitara, döwletara gatnaşyklaryň hukuk binýadyny döwre görä kämilleşdirmekde bilelikde işlemeli, pikir alyşmalary yzygiderli ýola goýmaly. Durnukly ösüşi üpjün etmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanmaly.

Gatnaşyklary pugtalandyrmak barada Gahryman Arkadagymyz gymmatly başlangyçlary öňe sürdi. Ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklarynyň gurallaryny döretmegi we ondan netijeli peýdalanmagy teklip etdi. Zenan parlamentarileriň hyzmatdaşlygy barada hem şeýle garaýyşlar orta atyldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň halklarynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin uly mümkinçilikler bar. Biziň ýurtlarymyz ägirt uly adam maýasyna, tebigy baýlyklara, önümçilik, tehnologik kuwwatlyklara eýedir. Milli Liderimiz bular barada durup geçmek bilen: «Ulag, energetika, senagat taýdan ýakynlaşmak ýaly strategik ugurlarda halkara hukuk gurallaryny döretmek we olary herekete girizmek, milli kanunçylyklary ýakynlaşdyrmagyň we sazlaşdyrmagyň, hyzmatdaşlyk we işewür gatnaşyklary kynlaşdyrýan hukuk we beýleki bökdençlikleri aradan aýyrmagyň üstünde işlemek zerurdyr» diýip nygtady.

Görşümiz ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy birleşdirilen tagallalar bilen ylalaşykly, ynamly öňe gitmegiň anyk maksatlaryny kesgitlän örän ähmiýetli çäre boldy. Şol maksatlar forumda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda anyk beýan edildi.

Halkara derejede parlamentarizmiň ösdürilmeginde, täsiriniň artmagynda Türkmenistanyň tutýan ornunyň uludygyny Parlamentara forumy «Aşgabat görnüşi» diýip atlandyrmak bilen, ony geljekde-de dowam etdirmegiň möhümdigi baradaky pikirleriň öňe sürülmegi hem aýdyň görkezýär. Kanun çykaryjy ulgamlaryň özara hyzmatdaşlygynyň wajypdygyny biziň ýurtlarymyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmakda, döwletlerimiziň alyp barýan ösüş syýasatyny kanunçylyk taýdan üpjün etmekde ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň käbir halatlarda meňzeşdigi ýa-da ýakynlygy bilen düşündirip bolar. Aşgabat Jarnamasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda kesgitlenen wezipeler hem muňa şaýatlyk edýär, onda Parlamentara Bileleşigiň dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň arasynda häzirki zamanyň wajyp meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek we hyzmatdaşlyk etmek üçin köptaraplaýyn forum hökmündäki orny ykrar edilýär. Hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary hökmünde «Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasy: häzirki zaman tejribesi we hyzmatdaşlyk», «Lukmançylyk diplomatiýasy: tejribe alyşmak — öňe hereket etmegiň ygtybarly ýoly», «Ekologiýa abadançylygynyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna sebit hyzmatdaşlygy» diýen ugurlar kesgitlenýär. Resminamada parlamentara hyzmatdaşlygyň «Merkezi Aziýa — Russiýa» diýen täze görnüşini — Aşgabat görnüşini yglan etmek hem-de Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde onuň ştab-kwartirasynyň Sekretariatyny döretmek hakdaky teklip hem goldanyldy.

Şeýlelikde, Parlamentara forum ygtybarly geljege tarap ynamly hereket etmekde ýene bir möhüm ädim hökmünde taryha girdi. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy, taýsyz tagallasy bilen ýurtlarymyzyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň öňde goýlan maksatlara ýetmekde işjeň, netijeli hereket etjekdigine berk ynanýarys.

Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty

“Türkmenistan” gazeti

23.05.2022 ý

 

tags: