YHLASLY ZÄHMETIŇ MIWESI

Ýurdumyzda obasenagat toplumyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Toplumyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Gahryman Arkadagymyz oba hojalyk işgärleriniň öňünde goýýan wezipeleri bilen bir hatarda, olaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, ene toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertleri we mümkinçilikleri döredip berýär. Dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary öndürijilikli, kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny yzygiderli satyn alyp berýär. Şeýle hem, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, seleksiýany we tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek, iň öňdebaryjy ylmy-tehniki usullary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýatlaryna, özleri üçin edýän bimöçber aladalaryna jogap edip, Ahal welaýatynyň zähmetsöýer kärendeçileri hem “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda “ak altynyň” bol hasylyny ýetişdirip, ýekeje hanasyny-da yrýa etmän Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda yhlas bilen zähmet çekýärler. Gowaçadan ýokary hasyl almak, oňa edilýän ideg bilen baglanyşykly. Şonuň üçin gowaçanyň hatararasyny ýumşatmak, olara dökün, suw bermek ýaly işleri öz möhletinde  ýerine ýetirmek möhümdir. Bu talaplary öz wagtynda ýerine ýetiren Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň babadaýhanlaryň bol hasyly ýetişdirmegiň hötdesinden gelmegi-de başardylar.

―Ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmaga öňdäkileriň hatarynda girişip, bu gaýragoýulmasyz işi güýçli depginlerde alyp barmak biziň baş maksadymyz boldy. Bu bolsa kärendeçi daýhanlarymyzyň öz şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, pagta harmanymyzyň günsaýyn beýgelmegine şert döretdi. Biziň pagtaçy kärendeçilerimiz ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanyp gelýärler. Bu ýyl hem öňde goýlan sepgide ilkinjileriň hatarynda ýetmegi başardyk. 50 gektar meýdana gowaça ekip, her gektardan 30 sentnerden gowrak hasyl ýygnadyk. Arzyly sepgide sentýabr aýynda ýetip, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny mynasyp sowgatly garşyladyk. Gazanylan üstünlikde daýhan hojalygymyzyň öz işine ökde kärendeçileri Amanmyrat Orazowyň, Arslan Annaýewiň, mehanizatorlar – Myrat Hojaýewiň, Annasähet Annaýewiň aýratyn paýy bar.

Garaşylan sepgide ýetilendigine garamazdan toprak bilen bagry badaşan kärendeçilerimiz işiň depginini birjigem gowşadanoklar. Çünki “ak altynly” atyzlarda entäk hasyl kän. Ýetişdirilen bol hasylyň ýekeje hanasyny-da isrip etmän ýygnap almak ugrunda ähli gujur-gaýratyny jemläp zähmet çekýän daýhanlarymyzyň ümzügi ileri.

Ak bugdaý etrabynyň “Üzümli toprak” daýhan birleşiginiň ýolbaşçysy tejribeli agronom Annageldi Annaýewiň buýsançly sözlerini diňläp, bereket bolçulygyny sahylyk bilen eçilip oturan meýdana göz aýlaýarsyň. Dogrudan hem, tejribeli daýhanlaryň zähmet çekýän gowaçaly meýdanlarynyň bereketli hasylyny synlanyňda, olaryň çekýän zähmetiniň ýerine düşüp, sahawatly topraga siňdiren her bir der däneleriniň zere öwrülip, saçaklarynyň rysgal-berekedi bolup gaýdyp geljekdigine tüýs ýüregiň bilen ynanýarsyň.

Kümüş Mätniýazowa TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Ahal durmuşy” gazeti

06.11.2021 ý

 

tags: