Yhlasly zähmetiň mynasyp serpaýy

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän teklipleriň we başlangyçlaryň esasynda ýurdumyzyň oba-hojalyk pudagyny düýpli ösdürmek we özgertmek boýunça alnyp barylýan işlere elmydama guramaçylykly çemeleşilýär. Daýhanlarymyzyň topraga yhlasyny, söýgüsini siňdirip ýetişdiren bol hasylyny ýitgisiz, çalt ýygnap almak ugrundaky aladalarynda uly zähmet üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýar, asuda, bolelin durmuşda ýaşamagyny gazanmak ugrunda edýän aladalaryna jogap edip, edermen daýhanlarymyzyň çekýän halal zähmetiniň netijesinde bu gün ýurdumyzyň ak bazarlary ýylyň ähli paslynda bereketli önümlerden doly. Ýurdumyzyň baýlygy hasaplanylýan pagta, bugdaý, şaly ýaly oba hojalyk ekinlerinden alynýan ýokary hilli önümler bolsa dünýä bazarynda hem uly islege eýedir. Gazanylýan bu üstünlikler, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak babatda ýetilýän sepgitler beýik geljegimize bolan ynamy hasda artdyrar. Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynyň netijesinde kabul edilen kanunçylyga laýyklykda ýer gaznalaryny döretmek, ýerleri 99 ýyl möhlet bilen kärendesine bermek we onuň 70 göterimine pagta, bugdaý ekmek, galan 30 göterimine bolsa beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmekligiň teklip edilmegi hakyky ýer eýeleriniň maňlaýyndan diredi. Munuň özi daýhanlaryň mundan beýläkde öndürijilikli, halal zähmet çekmeklerine, oba hojalygymyzyň hemme taraplaýyn ösdürilmegine, ak bazarlarymyzyň ter önümler bilen üpjün edilip, azyk bolçulygynyň döremegine getirýär. Gadymy Lebap topragynda hem oba hojalyk pudagyndaky bu özgertmeler halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ýetirýär. Azyklyk bugdaýyň we pagtanyň täze döwlet satyn alyş nyrhlarynyň girizilmegi, ýokary hilli tohum öndürmek üçin goşmaça tölegleriň bellenilmegi, oba hojalygynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi oba zähmetkeşlerini hasda ruhlandyrýar. Biziň etrabymyzyň edermen kärendeçileri hem döwlete pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Olar baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň toýlanyljak ýylynda hem Watan harmanyna gowaçanyň bol hasylyny tabşyrdylar. Etrabymyzyň zähmetkeşleriniň gazanan ýeňişlerinde «Jeýhun», «Mekan» daýhan birleşiklerini ýygymçylarynyň, kärendeçileriniň, kombaýnçylarynyň uly paýy bardyr. Şu ýyl etrabyň edermen daýhanlary diňe bir pagtaçylykda däl, eýsem, bugdaý, şaly we beýleki gök bakja ekinlerini ýetişdirmekde hem uly üstünliklere ýetdiler. Oba ilatynyň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde patrakdeýin açylan «ak altynly» meýdanlar ýylyň-ýylyna bol hasyl eçilip, daýhanlaryň yhlasly zähmetlerine mynasyp toý serpaýyny ýapýar. Garaşsyzlyk pagta arassalaýjy kärhanasynda hem häzirki jogapkärli möwsümde «ak altynyň» bol hasylyndan «Tohummaýa», «Naýbaşy», «Saýlantgy», «Arka-1», «Arka-2» görnüşli tohumlary geljek ýylyň pagta hasyly üçin taýýarlaýarlar. Oba zähmetkeşleriniň has önjeýli zähmet çekmekleri ugrunda aladalanýan mähriban Prezidentimiziň tagallalary bilen bu gün daýhanlarymyz suwdan, tehnikadan, dökünden hiç hili kösençlik çekmeýärler. Olaryň işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen döredilýän ähli ýeňillikler we şertler daýhanlarymyzyň geljekki ýyllarda hem bol hasyl almaklaryna, arman-ýadaman zähmet çekmeklerine itergi berýär.

Sülgün Jumaýewa, TDP-niň Dänew etrap komitetiniň jogapkär işgäri

“Türkmen gündogary”

12.11.2020 ý

tags: