YLYMLY, BILIMLI, HÜNÄRLI NESIL

Ýurdumyzda jemgyýetiň geljegi bolan ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek işini ileri tutulýan meseleleriň hatarynda goýmak bilen, hormatly Prezidentimiziň ýurt Baştutany wezipesine girişen ilkinji gününde, ýagny 2007-nji ýylyň 15-nji fewralynda «Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Karara gol çekmegi bu ulgamda alnyp barylýan işleri mazmun we gurluş jähetinden düýpgöter täzeçe guramakda öwrülişikli pursat boldy. Şondan soňra 2007-2008-nji okuw ýylyndan okuwyň möhleti orta mekdeplerde 10 ýyl, ýokary okuw mekdeplerinde 5 ýyl, lukmançylyk we sungatyň aýratyn ugurlary boýunça 6 ýyl edildi. 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap bolsa, umumybilim berýän orta mekdepler 12 ýyllyk okuw maksatnamalary esasynda işläp başladylar. 2018-nji ýylda sanly bilim konsepsiýasy işlenip düzüldi we onuň esasynda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge girişildi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyn 3-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna hemde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň ylym we önümçilik bilen baglanyşygyny pugtalandyrmak, täze hünärleri girizmek hem-de ýokary derejeli işgärleriň taýýarlanmagyny üpjün etmek wezipelerini öne sürdi. Bu wezipeler, ilkinji nobatda, döwrüň talaby bilen baglydyr.

XXI asyrda bilim, onuň täze görnüşlerini döretmek we ýaýratmak industriýasynyň depginli ösüşi häzirki maglumat jemgyýetiniň, onuň şu günki ösüş derejesi bolan bilim jemgyýetiniň kemala gelmegine getirýär. Bilim jemgyýeti her bir iş gurşawynda üstünlikleriň şerti bolup, bilimiň çykyş edýändigini aňladýar. Bu ýerde gürrüň ýöne bilim barada däl-de, eýsem, nazary bilimiň derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýagny barlaglary täzeçe gurnamagyň kemala gelmegi, bilimi ulanmagyň täze usullary, jemgyýetçilik düzümine ylmy integrirlemegiň täze görnüşleri barada barýar. Bu ugurda işleýän alymlar we hünärmenler häzirki döwürde ylym bilen jemgyýetiň gatnaşygynyň üýtgeýändigini, ylmyň jemgyýetçilik bähbitlerini öňe sürýändigini belleýärler.

Jemgyýetiň maglumatlaşýan we bilim jemgyýetine geçýän şertlerinde durmuşyň ähli ugurlarynda akyl zähmetiniň paýy artýar. Biziň döwrümizde jemgyýetiň ähli ugurlarynda hereket edýän her bir edaranyň, kärhananyň, guramanyň baýlygy hünärmenler hasaplanýar. Bu ýerde her bir adam hünärmen kimin intellektual bolup, öz ugrunda we özüniň hakykylyga gatnaşygynda berk kadalara esaslanyp hereket edýär. Ol alan bilimlerini amal etmäge, meseleleri çözmäge degerli usullary saýlamaga, gerekli maglumatlary almaga, onyň baglanyşyklary we gatnaşyklary guramaga, toparda işlemäge gerek bolan ukyplara eýe bolýar. Diýmek, şu hili hünärmeni ýetişdirmek döwrüň talabyna öwrülýär.

Şonuň üçin bu gün öz hünärini bilýän, ylym-bilime esaslanyp jemgyýete ornaşýan täze gymmatlyklary we ýörelgeleri özleşdirmäge ukyply hünärmenleriň täze neslini ýetişdirmek bilim ulgamynyň önünde duran in wajyp wezipe bolup çykyş edýär. Bu ulgam geljekki hünärmenleriň sanly ykdysadyýeti netijeli ulanyp, jemgyýetiň ähli derejelerinde bolup geçýän özgertmeleriň çuňlaşmagyna we netijeliligiň ýokarlanmagyna itergi berýän adamlar bolup ýetişmegini gazanmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyn alty aýynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisinde ýokary okuw mekdepleriň rektorlaryna ýüzlenip, döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze hünär ugurlary boýunça hünärmenleriň taýýarlygynyň ugurlaryna aýratyn üns berip, Ylymlar akademiýasynyň alymlary we degişli pudaklaryn hünärmenleri bilen bilelikde, döwrebap okuw meýilnamalaryny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Okuw meýilnamalary, bir tarapdan, dünýäniň ylymda we tejribede gazanan netijelerini, ýetilen derejelerini açyp görkezmeli bolsalar, ikinji tarapdan, olar halkymyzyň medeni mirasy, durmuş tejribesi bilen baglanyşdyrylmalydyr. Döwlet Baştutanymyz hünärmenleriň täze neslini kemala getirmegiň wajyp şerti bolan şu meselä aýratyn üns berýär.

Hünärmenleriň täze, döwrüň talaplaryny amal etmäge ukyply täze neslini ýetişdirmek iňňän köptaraply işdir. Bu ýerde halkyň toplan durmuş tejribesinden, onuň medeni mirasyndan ugur almak aýratyn ähmiýetlidir. Milli Liderimiz öz ýazan ylmy-filosofik eserlerinde halkyň medeni mirasynyň, däp-dessurlarynyň ýurtda geçýän tehnologik özgeriş bilen baglanyşygyny çuňňur derňeýär, seljerýär. Hormatly Prezidentimiziň golaýda ýazyp tamamlan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserinde hem halkymyzyň däp-dessurlary, döreden milli gymmatlyklarynyň, dünýä nusgalyk hünärleriniň ylmy taýdan öwrenilendigi, olaryň ähmiýetiniň açylyp görkezilendigi habar berildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden hem-de bize wesýet eden belent maksatlary şu günki we geljekki nesiller üçin nusgalyk bolup, olar durmuşda bolşy ýaly, çeper döredijilikde hem öz beýanyny tapmalydyrlar.

Häzirki döwürde şu ugur boýunça jemgyýetiň bilim ulgamyna bolan talaplary barha artýar. Bu ýagdaý, ilki bilen, ösüp gelýän ýaş nesliň durmuşa taýýarlykly girişmegi bilen bagly bolýar. Şol sebäpli bu gün bilim edaralaryna ösen şahsyýeti, ýaş nesilde sagdyn durmuş keşbini, ýokary ahlaklylygy we filosofik medeniýeti kemala getirmekde aýgytly orun degişlidir.

Görşümiz ýaly, täze hünärleriň okuw meýilnamalary bilen baglanyşykly talaplar geljekki hünärmenleriň hünär we ynsanperwer taýýarlygy bilen bagly soraglaryň biri-birine barabar beýan edilmegini we şolaryň esasynda döredijilikli hünärmenleri kemala getirmegi göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň dörediji, gurujy, oýlap tapyjy halkdygyny dünýä äşgär etjekdigini yzygiderli nygtaýar. Biz bu meseläniň çözgüdiniň ylym-bilim ulgamynyň durnukly kämilleşmegi, onuň bäsdeşlige ukyply hünärmenleri ýetişdirmegi esasynda amal bolýandygyny görýäris.

Bu gün jemgyýetiň islegleri bazar ykdysadyýetiniň täsiri bilen kemala gelýär. Netijede, bilime bilermen garaýyşly çemeleşme giňden ýaýraýar. Bu çemeleşme zähmet bazarynyň güýçli ösýän döwründe bilim jemgyýetiniň talaplaryny kanagatlandyrmaga we bäsdeşlige ukyply hünärmenleri taýýarlamaga gönükýär.

Şeýlelikde, häzirki döwrüň hünärmenleri ýöne bilimler toplumyny özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, ol, ilki bilen, täzeligi gözlemegiň usulyýetini ele almaly, öz işinde ulanmagy başarmaly. Ösen ýurtlaryň köpüsinde bilermenligiň bilimiň netijeliliginiň toplumlaýyn häsiýetnamasy hökmünde kesgitlenýänligi tötänleýin bolmasa gerek.

Biziň döwrümiziň bilimi — adaty bilim ulgamyndaky ýaly, ýöne bilimi mugallymdan okuwça, talyba «geçirmek» däl. Bilimiň wajyp wezipesi okaýanyň (öwrenýäniň) pikirlenmek ukybyny we onuň akylynyň tebigy aýratynlyklaryny ýüze çykarmak bilen baglydyr. Bu hem köp derejede geljekki hünärmenleriň okaýan we öwrenýän döwründe bilime teşneligi bilen kesgitlenýär. Bilimleri özleşdirmek, haçan-da okuwçy, talyp tarapyndan häzirki döwür we geljege taýýarlyk üçin şahsy ähmiýetli hadysa hökmünde kabul edilende hem-de dürli sapaklar akyl ýetiriş we döredijilik häsiýetli ýumuşlar bilen baýlaşdyrylanda, ol okaýan şahsyýetiň ösmeginiň kesgitleýji şertine öwrülýär hem ony özbaşdak özleşdirmäge, öz-özüňi kämilleşdirmäge ugrukdyrýar.

Bu ýerde mekdebiň orny örän ýokary. Onuň işi bütinleý mugallymlaryň düzümi bilen kesgitlenýär. Olaryň okadýan her bir dersi okuwçynyň aýratyn ukybyny açmaga esas döredýär. Tebigaty öwrenýän we matematika dersleri, hünär taýýarlygy bilen bagly dersler özleşdirilende, mysal üçin, okuwçynyň we talybyň ýokary derejedäki işjeňligini taplamaga esas döredýär. Okuwçylar ynsanperwer dersleriň maglumatlarynda hem ylmy düşünjeleri, hadysalaryň toparlanmasyny özleşdirýärler, sebäp-netije baglanyşyklary ýüze çykarmagy, gysga we giňişleýin häsiýetnamalary bermegi öwrenýärler.

Hünär saýlap, şol ugurda okamaga höwes bildiren mekdep uçurymlarynda, onuň bilim derejesini we hünäre bolan söýgüsini aňlap we bahalap, durmuş ýoluna ugrukdyrmak köp derejede orta mekdepleriň gutardyş synaglary, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriň giriş synaglary bilen bagly bolýar.

Bosagada duran täze okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň öňünde bu mekdeplere kabul edilen ýaşlaryň ukyplaryny has giňişleýin ösdürmek wezipesi dur. Bu işiň amal boljakdygyna biz ynanýarys. Şu ynam bilen hormatly Prezidentimiziň kesgitlän ýurduň ösüş nusgasy, bilim ulgamynyň hil taýdan çykan täze derejesi, bilim jemgyýetiniň gymmatlyklaryny açmaga girişilenligi bilen bagly. Bu hem özgerişi oýlanyşykly, başarnykly amal edýän ýaşlaryň täze nesliniň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmaga ukyply hünärmenler bolup ýetişmekleriniň şertidir.

Nurýagdy SUWHANOW,

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.

“Türkmenistan” gazeti.

 

 

tags: