YNAMYŇ GÜÝJI

(hekaýa)

Urşuň gutaranyna iki ýyl töweregi wagtyň geçendigine garamazdan, onuň adamlaryň synasyna salan ýarasynyň awusy bitişse-de, ýürek ýaralarynyň awusy heniz köşeşerli däldi. Fronta ugrap barýanlaryň: «Ýeňiş bilen sag-aman dolanarys!» diýip, ynamly aýdan sözleri garaşýanlaryň kalbyndaky umyt uçgunlaryny öçürerden ejiz gelýärdi. Olar şol ynam bilen ýaşaýardylar, şol ynam olara ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge güýç berýärdi...

Daňdanyň ümüş-tamşynda düýşürgäp oýanan Akgyz eje üstündäki ýorganyny bir ýana serpip, ýassygyny gapdala süýşürdi-de, çalasynlyk bilen ýerinden turdy. Başyndaky reňki solup giden gyňajyny howul-halat düzedişdirip, daşaryk çykdy. Gelni Güljemal eýýäm turup, ojakda ot ýakyp, tüňçäni atarypdyr. Güljemal gaýynenesiniň ýanyna gelip:

—―Sag-aman ördüňizmi, enesi? Entäk ýatybermeli ekeniňiz, çaý taýýar bolan wagty özüm oýarardym-da, heniz örüşerden irrägem — diýdi.

— Nämüçindir şu gije hiç ukym tutmady. Ýaňy bir ymyzganýanam welin, düýşürgäp oýanaýýan.

Bu sözlerden soň, Akgyz eje gören düýşüni täzeden aňynda aýlap, pikire çümdi. Özünde nähilidir bir süňňüýeňillik duýan ene öýüň üstüne abanyp duran äpet erik agajyň aşagyndaky sekiniň üstünde jaýlaşdy. Agajyň ýaňy bir suwy süýjäp ugran miwelerini zordan göterip oturan şahalaryna seredip, ogly Pälwany ýatlady.

Pälwan urşa ugramalydygy baradaky habary getirende-de, giçbişer erikleriň häzirki ýaly, ýaňy suwy süýjäp ugrapdy. Ol gözýaşlaryny gyňajynyň çowy bilen süpürip oturan ejesine:

—―Eje, alada etmesene, uruş uzak dowam etmez. Nesip bolsa, sag-aman ýeňiş bilen dolanyp gelerin — diýip, köşeşdirmekçi bolupdy.

— Wah, näbileýin-dä, jan oglum, belki şeýle bolsun-da! «Il bilen gelen toýda-baýram» diýipdir türkmen. Haçanam bolsa, sag-aman ojagyňa dolan, balam! — diýip, ýagşy niýetler bilen sözüni jemlän ene ýaňaklaryndan yzly-yzyna togalanyp gaýdýan gözýaşlaryny süpürdi.

Ondan bäri alty ýyl geçdi. Urşuň ýeňiş bilen tamamlananyna-da iki ýyldan gowrak wagt geçdi. Urşuň ýitgisiz bolmaýşy ýaly, bularyň obasyndan hem wepat bolanlar-da, sag-aman dolanyp gelenler-de bardy. Pälwanyň gazaply jeňleriň birinde dereksiz ýitendigi baradaky hat geldi. Ýöne şonda-da onuň bir gün dolanyp geljegine bolan ynam gaýyn-gelinden bir pursatlyk hem daşlaşmady. Akgyz eje her gün umyt bilen ýola baksa, Güljemal her gezek nahar ataranda, Pälwanyň paýyny ýatdan çykarmazdy. Olar bolup geçýän her bir hadysany Pälwanyň bir ýerlerden diri tapyljakdygyna ýorardylar. Ynam gaýyn-gelne güýç berýärdi. Şu günki gören düýşüniň oraşan geljegine Akgyz eje birjik hem ikirjiňlenmedi. Sebäbi bu düýş öňki görýän düýşlerine asla meňzänokdy. Wakalar, göýä diýersiň, huşdaky ýaly arassa hem aýdyňdy. Akgyz eje oturan ýerinde daňdanky gören düýşüni täzeden göz öňüne getirdi...

...Akgyz eje ýüzüne düşýän günüň ýiti şöhlesine oýanyp, gözlerini açsa, Gün bireýýäm dogup, ep-esli ýokaryk galypdyr. Beýdip ýatyp galmam ýokdur-la diýip daşaryk çykanda, Akgyz ejäniň gözleri öýleriniň deňinden geçip barýan esger lybasly ýigide düşýär. Ony tanajak bolup, elleri bilen gözlerini kölegeledýär. Esgeri tanap: «Pälwan jan, oglum!» diýip oňa tarap ylgaýar, ony bagryna basmak isleýär. Ýöne esger ýigit Akgyz ejäni tanamaýan ýaly deňinden parhsyz geçip gidiberýär. Ene ellerini serip sesiniň ýetdiginden: «Pälwan jan, oglum, nirä barýaň, dolan ahyry, biz bärde!» diýip gygyrýar. Pälwan göýä ejesiniň sesini eşitmeýän ýaly, yzyna gaňrylyp hem seretmeýär. Akgyz eje gumaksy ýoluň üstünde oturyp, aglamaga başlaýar. Öýlerinden ep-esli arany açan Pälwan, birden, hyrra yzyna öwrülip, ejesine tarap gaýdýar. Akgyz eje ogluny bagryna basyp, begenjinden sesiniň ýetdigine aglaýar...

Düýşüň täsirinden aýňalyp bilmän oturan enäniň çaý bilen seri bolmady. Saçagy ýygnaşdyryp, bir ýerde karar tapman, öýe bir girdi, bir çykdy, eli işe barmady. Aýlanyp-dolanyp, ýene-de erigiň aşagyndaky sekiniň üstüne gelip oturdy. Birden hem, obanyň o çetinde ýaşaýan Aýtuwak ejäniň agtygy Durdynyň: «Akgyz eje, Akgyz eje, buşluk!» diýip gygyrýan sesine zöwwe ýerinden turan ene gulaklaryna ynanmady. Oglanjyk demi-demine ýetmän ylgap gelşine, zordan badyny saklap, Akgyz ejä Pälwanyň ýetip gelýändigini buşlady. Bu habara birbada ynanyp bilmän, bir pursatlyk doňan ene öýden ylgap çykan gelni bilen tirkeşip, oglanjygyň gelen tarapyna ylgady...

Pälwanyň sag-aman dolanyp gelenine begenjinden iki bolup bilmeýän gaýyn-gelin göz aýdyňa gelen obadaşlaryna yhlas bilen hyzmat edýärdiler. Çaý başynda Pälwanyň başyndan geçenleri gürrüň bermegi hem­meleri haýran galdyrýardy:

— Urşuň ýeňiş bilen tamamlanmagynyň indi o diýen daşda däldigine gözümiz ýetip durdy. Ýöne duşmanlar per bermejek bolup ellerinden gelenini edýärdiler. Gazaply söweşleriň birinde golaýymda ýarylan bombanyň sesini eşidenimi bilýän, kellämde dörän ýiti agyra özümden gidipdirin. Näçe ýatanymy bilemok, özüme gelip, gözlerimi açsam, hassahanada ekenim. Tenime düşen ýaralardan ýaňa endam-janym saralgydy. Iň erbedi-de men huşumy ýitiripdirin. Hiç zat ýadyma düşenok, hatda adymyň kimdigini hem bilemokdym. Güň ýaly, hatda geplemäni hem başaramokdym. Birnäçe aýlap hassahanada bejergi aldym. Ýaralarym gutulýança, urşam tamamlandy. Meniň kimdigimi, haýsy milletdendigimi anyklap bilmediler. Wagtyň geçmegi bilen huşuma gelmegimiň mümkindigini aýdyp, garaşyp görmek kararyna geldiler.

Hassahanada bir gartaşan lukman zenan maňa hossarlyk gözi bilen garardy. Hemmeler oňa Asýa ene diýip ýüzlenerdiler. Ine, şol Asýa ene ýaralarym gutulanyndan soň, meni öz öýlerine alyp gelipdir. Tutuş maşgalasy urşuň pidasy bolan ene meni edil öz ogly ýaly gowy görýärdi, biz edil eneli-ogul ýaly ýaşaberdik. Asýa daýza meniň huşumy dikeltmek, dil açdyrmak üçin elinden gelenini edýärdi. Lukmançylyk tejribesiniň ähli usullaryndan peýdalanyp, her hili ýollar bilen meni bejermäge synanyşýardy. Şeýlelikde iki ýyla golaý wagt geçdi.

Bir gün Asýa enem bilen obanyň golaýyndaky tokaýa kömelek ýygmaga gitdik. Asýa ene ýany bilen geçisini hem alyp gitdi. Biz kömelek ýygýançak, geçi ter gök otly sonarlykda hezil edip otlady.

Sebedimizi kömelekden dolduryp, oba tarap ýöräp ugradyk. Otlap keýpini köklän geçi eýesiniň daşyndan aýlanyp, kä öňe geçdi, käte-de yza galdy. Bir görseňem towsaklap, honda gezip ýör. Tüýs geçi diýseň, geçi-dä! Birdenem, onuň ylgap giden tarapyndan eýmenç gürpüldi eşidildi. Biz zährämiz ýarylan ýaly bolup, sesiň çykan tarapyna seretdik. Ol ýer tüsseläp durdy, geçiden bolsa, nam-nyşan ýokdy. Men bada-bat kellämde dörän agyra çydaman aşak oturdym. Birden, özümi söweş meýdanynda ýaly duýdum, asmana seretdim. Asman asudady. Daş-töweregime ýaltakladym, aňalyp duran Asýa enemden başga hiç kime gözüm düşmedi. Asýa enem mende nähilidir bir üýtgeşikligiň bolandygyny bada-bat aňdy, meni bagryna basyp: «Gorkma balam, bu uruş däl, geçi uruş wagty gömülip galan minanyň üstünden barandyr, zyýany ýok, her iş bolsun, bähbit bolsun diýleni şu» diýdi. Men sakawlap: «Asýa ene, uruş tamamlandymy, indi uruş ýokmy?» diýip soradym. Sesimi eşiden ene begenjinden: «Nähili şatlyk, sen dil açdyň, sen gutuldyň, oglum! Indi hemme zat seniň ýadyňa düşäýmeli, şeýle dälmi, ýadyňa düşýä gerek? Hany sen aýt, seniň adyň näme?» diýip ýüzüme soragly bakdy. Men: «Adym Pälwan, özümem türkmen, Türkmenistanly men” diýip jogap berdim. Asýa enem begenjinden gözlerini ýaşlap, meni täzeden bagryna basdy...

Asýa enemiň tagallasy bilen meniň resminamalarymy dikeldip, kimligimi, nirelidigimi anykladylar we öz ilimize gowuşmaga mümkinçilik döretdiler.

Ugrajak bolanymda, Asýa enem aýralyga gyýylsa-da, meniň maşgalama gowuşjakdygyma begenýändigini, özüni ýadymdan çykarman, hat ýazyp durmagymy sargady. Men: «Heý, perzendem öz enesini ýatdan çykararmy, nesip bolsa, bir gün maşgalam bilen size gezmäge-de gelerin» diýip jogap berdim.

Pälwanyň töweregindäkiler onuň gürrüňlerini tolgunma bilen diňlediler. Zenanlar gözleriniň ýaşyny gyňaçlarynyň çowy bilen süpürip, Akgyz eje bilen Güljemala: «Gözüňiz aýdyň, hernä çöregiňiz bitin eken» diýişdiler. Akgyz eje:

— Balamyň diriligini ýüregim syzýady, onuň bir gün dolanyp geljegine ynanýardym. Umytlarymyň aldamandygy üçin ykbalymdan müňde bir razydyryn. «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýleni, her kişiniň kalbyndaky ýagşy niýetleri amala aşyp, bagtly günlere bolan ynamlarymyz gowuşsyn! Asmanymyz arassa, Zeminimiz parahat bolsun! — diýip, ýaňaklaryndan syrygyp gaýdan begenç gözýaşlaryny eliniň aýasy bilen süpürip goýberdi.

Kümüş Mätniýazowa, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Ahal durmuşy” gazeti

07.05.2021 ý

 

tags: