YNSANPERWERLIK — MILLI ÝÖRELGÄMIZ

Döwletiň bagtyýarlygy onuň her bir raýatynyň aýratynlykda bagtlylygy bilen häsiýetlendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen berkarar bolan döwletimiz bu gün her bir türkmeniň beýik arzuw-hyýallarynyň, belent maksatlarynyň wysal bolan jemidir. Bu berkararlygyň kökleri biziň döwlet gurmakda goja dünýä özboluşly mekdep goýan beýik pederlerimiziň milli ýörelgelerinden gözbaş alýar.

Asyrlardan-asyrlara ynsanperwerlik ýörelgesi, ilkinji nobatda, adam baradaky alada halkymyzyň milli häsiýeti hökmünde dabaralanypdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öz Gahryman Arkadagynyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesin­den ruhlanyp saýlap alan ýoly hem hut şol pederlerimiziň beýik ýörelgeleriniň dowamatydyr. Ýaňy dünýä gelen bäbejiklerden başlap, ýaşuly neslimize çenli ýurdumyzyň ähli raýaty bu gün bu milli ýörelgäni öz şahsy durmuşlarynda sözüň doly manysynda duýup ýaşaýar. Munuň şeýledigine halkymyzyň durmuşyndan ýüzläp mysallary getirmek bolar. Şolaryň iň esasysy hökmünde bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisini ýatlap geçmek ýerliklidir. Şol gün «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bolup geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde halkymyz öz milli Liderini biragyzdan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlady. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň saýlan ynsanperwerlik, adalatlylyk we sahawatlylyk ýörelgelerini özünde jemleýän döwlet dolandyryş ulgamynyň halkymyz tarapyndan doly oňlanylýandygyny hem goldanylýandygyny ýene-de bir ýola subut etdi.

Hormatly Prezidentimiziň: «Men ata-babalarymyzyň şan-şöhratyna mynasyp işleri bitirip, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna ajaýyp sahypalary ýazjakdygymyza, biziň bitiren işlerimize geljek nesillerimiziň buýsanjakdygyna-guwanjakdygyna berk ynanýaryn» diýen belent hyjuwly sözleri bu gün durmuşda hasyl bolmak bilen, türkmen jemgyýetiniň bagtyýar ykbalynda ak ertirine parlak Gün bolup şugla saçýar.

Her ýylda bosgunlaryň uly toparyna Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň biziň döwletimiziň çäklerinden çykyp, umumadamzat bähbitli işlere öwrülendiginiň aýdyň mysalydyr.

Döwletimiz tarapyndan goňşy döwletlerde mätäçlik çekýänlere haýyr-sahawat goldawlarynyň yzygiderli ugradylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan ynsanperwerlik, açyk gapylar, dost-doganlyk syýasatynyň dünýäniň ýüzünde has hem pugtalanmagyna getirýär. Ähli meseleleri diňe parahatçylyk ýoly bilen çözmegiň tarapdary bolan halkymyzyň ruhunda ýaragyny goşa taryna çalşyp, giden pidanyň öňüni alan Şükür bagşynyň häsiýeti bar. Biziň ynsanperwer syýasatymyzda iki sany sözi azaşan ynsany gahary ýatyşýança myhman alyp, iki tarapy hem diňläp, adalatly netije bilen adam janyny aýap saklan pähimdar pederlerimiziň milli ýoly bar. Şonuň üçin hem bu ýol Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň dünýäniň abraýly guramasy BMG-niň belent münberinden sözlän sözi ynsansöýen türkmen ýüreginiň dili bolup, halkymyzyň Gahryman oglunyň beýik işleriniň durmuşa geçmesi bilen sazlaşyp, dünýä ýol salýar!

Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty

“Watan” gazeti

06.05.2021 ý

tags: