YNSANYŇ BAŞ BAÝLYGY

Köneürgenç şäheriniň bilim-halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň hem-de şäheriň ýaşaýjylarynyň arasynda lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak, ýerlerde arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmek, ýiti öýken sowuklama keselini dörediji ýokançlara garşy öňüni alyş çäreleriň geçirilişini güýçlendirmek maksady bilen, şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň hem-de polisiýanyň ýerli wekilleriniň gatnaşmagynda düşündiriş işleri geçirilýär.

Düşündiriş çärelerinde hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik tutumlaryň netijesinde, döwletiň we jemgyýetiň baş hazynasy bolan adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini özgertmek ugrunda durmuşa geçirilýän bimöçber işler hakynda, “Saglyk” döwlet  maksatnamasyndaky toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilişi hem-de onuň ähmiýeti, ýurdumyzda ynsan saglygy goramak ugrynda alnyp barylýan işler dogrysynda nygtap geçilýär. Işjeň ýagdaýda geçýän wagyz-nesihat, düşündiriş işlerinde raýatlaryň saglygyny goramak, bagtyýar nesliň saglygyny sagdyn-durmuş ýörelgeleri bilen berkitmek, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, ýaşaýyş jaýlarynda, köçelerde, meýdançalarda arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, jemgyýetimiziň saglygyna howp salýan ýokanç keselleriň öňüni almagyň çäreleri hakynda aýdylýar. Düşündiriş işleriniň barşynda çykyş edýän lukmanlar güýz-gyş aýlarynda sowuklamadan we ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin peýdaly maslahatlaryny berýärler. Lukmanlar adam bedenine ýaramly hem-de immun ulgamyny ýokarlandyrmakda haýry köp bolan ter gök-bakja önümleriniň gündelik iýmitimizde bolmagyny ündeýärler.

Gurbannepes Täçmedow, TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy

“Daşoguz habarlary” gazeti

07.11.2020 ý

tags: