Zähmeti bilen adygan

Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň etrabymyzda hem azyk önümleriniň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmak, şol bir wagtyň özünde-de olaryň hiliniň daşary ýurtlardan getirilýänlerden pes bolmazlygyny gazanmak bilen bagly wezipelerden ugur alnyp, bugdaý, ýeralma, sogan, käşir, bakja we miwe ýetişdirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekilýär. Bu işde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalarynyň aýratyn işjeňlik görkezýändigi bolsa bizi has-da guwandyrýar.

Şu ýerde biziň etrap komitetimizde agzalyga kabul edilen ildeşlerimiziň aglaba böleginiň daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda zähmet çekýändigini belläsim gelýär. Olaryň paýyna gowaça ekip, pagta ýetişdirmek bilen bir hatarda azyklyk ekinlere garaşyk etmek wezipesi hem düşýär.

Ýakynda şeýle daýhanlaryň biriniň kärende ýerinde bolup, onuň häzirki günlerde alyp barýan işleri bilen gyzyklandyk. «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Saodathan Açylowa 3,5 gektar meýdanda gögerip oturan ýeralma, 6 gektar çägesöw we 1,5 gektar mes toprakly meýdanda ekilen bugdaýa ideg edýär. Ol ýylyň-ýylyna daýhan birleşigi bilen baglaşan şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý edip, kärdeşlerine görelde görkezýär. Onuň oba hojalygyny ösdürmäge goşan goşandyna, gazanýan netijelerine döwlet tarapyndan hem ýokary baha berildi. Geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ol «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Bu gezek biz daýhan zenana ýeralmaly meýdanda ideg işlerini geçirip ýören wagty gabat geldik.

— Çeken zähmetimiz ýerine düşdi. Ekiniň her düýbünde ýeralmalar düzüm-düzüm bolup gögerdi. Daýhan birleşigi bilen baglaşan şertnamamyza laýyklykda her gektardan 140 sentnerden hasyl tabşyrmaly. Ýöne çakym çak bolsa, şondan has köp hasyl alarys. Nesip bolsa, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk işgärleriniň öňünde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine geljekde hem saldamly goşant goşaryn — diýip, ol ynamly gürrüň berdi.

1989-njy ýyldan bäri ykbalyny topraga baglan daýhanyň öňünde goýlan wezipeleri berjaý etmedik ýyly ýok. Gowaça eksin, bugdaý ýa-da başga ekin, ol hemişe-de şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirip gelýär. Sebäbi ykbalyny ene ýere baglan Saodathan topragyň «diline» doly düşünýär. Ol ene ýere yhlas siňdirseň, bol hasyl eçilýändigine ýyllarboýy göz ýetirip gelýär. Şonuň üçin hem ýeralma ekmezinden ozal özüne bölünip berlen ýere fosforly dökün berdi. Ekin meýdanynyň her gektaryna üç tonna çenli çüýredilen ders ýaýradandygyny, munuň topragy minerallar we mikroelementler bilen baýlaşdyrýandygyny, ýumşadýandygyny, ýeriň yzgarynyň uzak wagtlap saklanylmagyna ýardam edýändigini hem ol aýdanlarynyň üstüne goşdy.

Bu ýerden çykyp, onuň bilen bugdaýly meýdana bardyk. Altynsow öwsüp duran 1,5 gektar meýdanda gowy hasyl bitipdir. Şertnamalaýyn borçnama laýyklykda ol bu ýerden 4 tonna 350 kilogram bugdaý ýygnamaly. Ýöne daýhan tereziden geçirjek hasylynyň bu görkezijiden has ýokary boljakdygyna ynanýar. Şol wagt ekin çalşygyna laýyklykda geçen ýyl gowaça ekilen meýdanda mylaýym şemala başlaryny çalaja yrgyldadýan bugdaýlaryň sesi hem Saodathanyň aýdýanlaryny tassyklaýan ýaly bolup eşidildi. 6 gektar çägesöw meýdandan geçen ýyl alan hasyly hem daýhanyň ynamly gürrüňleriniň aňyrsynda esas bardygyna şaýatlyk edýär. Bu ýerden ol 9 tonna hasyl almalydy. Ýöne kabul ediş harmanhanasyna tabşyran bugdaýy bolsa 11 tonna barabar boldy. Ol bu ýyl hem şunça hasyla garaşýar.

Biz janypkeş daýhanyň maksadyna ýetmegini arzuw edip, onuň bilen hoşlaşdyk. Saodathanyň öňünde goýan sepgitlerine ýetjekdigine bolan ynam biziň kalbymyzy hem gaplap aldy.

Güljahan Halbaýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Farap etrap komitetiniň başlygy

“Türkmen gündogary” gazeti

02.06.2022 ý

 

tags: