ÖZGERTMELERIŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly  Rezolýusiýanyň kabul edilmegi türkmen halkynyň baky bagtyýarlygyny bütin dünýä ýaýdy. Bu taryhy pursat Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilige we hoşniýetli hyzmatdaşlyga ýugrulan daşary syýasy strategiýasynyň dünýäde barha dabaralan ýandygyny aýdyň görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi bagt paýlaýan ata Watanymyzyň okgunly ösüşlerine gözli şaýat bolýarlar. Has takygy, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-15-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna bolan iş saparynyň çäklerinde, ählumumy parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine gönükdirilen, netijeli hyzmatdaşlygyň ösüşli gadamlary jahana ýaň saldy. Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň  işe girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şa saparynyň şol sähetli günlerinde dostlukly Owganystan Yslam Respublikasy bilen bilelikdäki bu taryhy taslamalaryň amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.

Şeýle beýik hem-de köp taraplaýyn taryhy taslamalary gysga wagtyň içinde durmuşa geçirip bilýän, diňe bir öz halky däl, eýsem, goňşy hem-de alysdaky döwletleriň halklaryna hem nur we bagt paýlaýan ata Watanymyzyň giň mümkinçiliklerine buýsanmak bilen, eziz Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyzyň beren mümkinçilikleri bilen bagly aýdan ajaýyp jümlesi biygtyýar ýadyňa düşýär: «Milletiň özerkli millet bolup ýaşamagy, öz ýurduny özi dolandyrmagy, dünýäde ykrar edilmegi, dünýä çykmagy we dünýä halklary bilen deňli-derejeli gatnaşyk etmegi üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň syýasy özygtyýarlylygynyň artykmaçlygy we mümkinçiligi iňňän uludyr».

Merdana türkmen halky şu günler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyò şanly 30 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşy almaga gönükdirilen işleri alyp barýar. Zähmet joşgunyny ýokary derejede güýçlendirmek bilen, türkmenistanlylar jemgyýetiň durmuşyny özgerdýärler, ykdysady we durmuş ösüşiniň täze belentliklerine galmagy dowam etdirýärler. Ähli ýerlerde ýurdumyzyň düýpli täzelenişiniň we gülläp ösüşiniň aýdyň alamatlary göze ilýär. Bu gündelik zähmet joşgunynda ýurduň iň täze taryhynyň terjimehaly ýazylýar, onuň bagtly geljegi döredilýär. Özüniň erkin we özbaşdak tutuş 30 ýylynyň  dowamynda halkymyz döretmäge, zähmet çekmäge we täze taryhy şertlerde ýaşamaga bolan ukybyny görkezdi. Gadymy we hemişe juwan türkmen topragynyň ähli sebitleri döwlet, hojalyk we medeni gurluşykda alnyp barylýan haýyrly işlere beslendi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döredijilikli işler gaýnap joşýar, önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanlysy halkymyza ulanylmaga berilýär. Ýene-de ençemesiniň bolsa gurluşyklary güýçli depginde, ondada, hut hormatly Prezidentimiziň gösgöni gözegçiliginde alnyp barylýar.

Biz merdana pederlerimiziň asyrlar boýy arzuwlan bagtyýarlyk, abadançylyk we parahatçylyk döwründe ýaşaýarys. Türkmen halky özüniň beýik şahyry Magtymguly Pyragy tarapyndan wasp edilen mertebe, asyllylyk, watançylyk, zähmet we myhman söýerlik, döredijilik, parahatçylyk we asudalyk ýaly ýörelgelerini, ata-babalarymyzyň gaby bilen geçen ynsanperwerlik ýaly oňat häsiýetlerini saklap, olary asyrdan-asyra aşyryp gelýär.

Döwrüň görnükli syýasatçysy, parahatçylykly ösüşiň döwrebap ýoluny dörediji, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iň netijeli çözgütlerini tapmakda syýasy Lider hökmünde dünýäde özüni tanadan Gahryman Arkadagymyzyň deňsiz-taýsyz tagallalary we başlangyçlary biziň milli buýsanjymyzy artdyrýan taryhy pursatlardyr. Milli Liderimiziň öňden görüjilikli, adalatly syýasaty, türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan beýik işleri Garaşsyzlygyň diňe bir syýasy, taryhy ähmiýetini däl-de, eýsem, halkyň ýaşaýşynyň hilini özgertmekde, her bir türkmenistanlynyň ruhy baýlygyny gazanmakda hem möhüm ähmiýetlidir. Garaşsyzlygy berkitmek ugrundaky kuwwatly hereketiň ugrukdyryjysy bolan düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen, Gahryman Arkadagymyz adamlaryň özygtyýarly, eşretli zamanada Garaşsyzlygyň bagtdygyny duýup ýaşamaklaryny gazandy.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp  ýaşamakdyr. Dünýäniň iň öňde baryjy taglymatlarynyň durmuşda ähtibarlylygynyň sebäbi hem olaryň parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň güýjüne esaslanýanlygyndadyr» diýip ýazýar.

Şeýle ajaýyp jümleler watandaşlarymyza mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýy uludan toýlanyljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny özleriniň asylly zähmetleri bilen şöhratlandyrmaklaryna ruhy güýç berýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren ýörite iş maslahatynda wagyz-nesihat işleri arkaly döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmek barada anyk wezipeleri öňde goýdy.

Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalaryny şeýle aýdyň maksatlara ruhlandyran milli Liderimiziň sogaply tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny mynasyp derejede şöhratlandyrmak maksady bilen, halk köpçüliginiň, işjeňleriň arasynda «Ýylyň göreldeli waspçysy», «Göreldeli ilkinji partiýa guramasy», «Iň gowy partiýa işini alyp baran etrap, şäher komiteti» atly welaýat bäsleşikleri yglan edildi. Welaýatymyzyň partiýa işjeňleri häzirki günlerde milli mukaddesliklerimiziň baý taryhy mazmunyny giň halk köpçüligine wagyz etmek bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barýarlar.

Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň sarpasyny has-da belende göterýän, merdana halkymyzy bolelin we eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, ähli tutumlary diňe rowaçlyklara beslensin!

Täçmyrat Rejepow, TDP-niň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy

“Daşoguz habarlary”

06.02.2021 ý

tags: