Makalalar

Belent sepgitleri nazarlap

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň zawodlar toplumymyzdaky ilkinji partiýa guramasy hem öz gündelik işini hemişe hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna we sargytlaryna laýyk derejede alyp barmaga çalyşýar.

Guramamyzdaky partiýa agzalarynyň sany bu gün 500-den hem geçýär. Zawodlar toplumymyzda dürli kärlerde zähmet çekýänleriň sanynyň üç müňden gowrakdygyny nazarda tutsaň, ilkinji partiýa guramamyzyň kärhanamyzda uly güýç bolup durýandygy äşgär ýüze çykýar.

Turkmen

SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM

Şeýle at bilen Tejen şäherindäki Karbamid zawodynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Şäher häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilen maslahata bu zawodyň işgärleri gatnaşdy.

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgeden ugur alan maslahatyň esasy maksady ildeşlerimiziň dürli kesellere garşy goranyjylyk ukybyny ýokarlandyrmakdan we keselleriň öňüni almakdan ybarat boldy. Şu günler agyz-burun örtüklerini dakynmagyň emele gelip biläýjek keselleriň öňüni alýandygy, ony dakynmagyň düzgünleri barada aýdyldy.

Turkmen

ŞANLY SENÄ – MYNASYP SOWGAT

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanymyzyň taryhyna müdimilik ýazylar. Çünki şu senede Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda taryhy Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Garaşsyz döwletimiz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolup, parahatçylyk arkaly ösüş ýoluny saýlap aldy. Bu wakadan bäri geçen çärýek asyra golaý döwür parahatçylyk söýüjilikli ýörelgä eýerýän. Garaşsyz, Bitarap döwletimiz üçin syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan depginli ösüşleriň ýyllary boldy.

Turkmen

BAÝRAK EÝELERI

Ak bugdaý etrap komiteti hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan pagta ýygymyna gatnaşýan zähmetkeşleriň arasynda höweslendiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Möwsümiň ilkinji günlerinden geçirilmegi ýola goýlan ongünlük zähmet bäsleşikleri pagta ýygymynyň depgininiň ýokarlanmagynda, hasylyň ýitgisiz ýygnalmagynda we harmana daşalmagynda uly ähmiýete eýedir.

Turkmen

BAKY BITARAPLYK BILEN GALKYNÝAR DIÝAR

Bagtyýarlyga beslenýän zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler buýsanjyňa buýsanç goşup, köňül guşuňa ganat baglaýar. Ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen dabaralandyrylmagy döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýän oňyn bitaraplyk ýörelgesiniň dünýä derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Turkmen

SAGDYNLYK — ÝÖRELGÄMIZ

TDP-niň Köneürgenç etrap komiteti «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini ilat arasynda wagyz etmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar.

Turkmen

ŞANLY TOÝA SOWGATLY

TDP-niň Dänew etrap komitetiniň işgärleri işjeň partiýa agzalary bilen bilelikde oba hojalygynda halal zähmet çekýän pagtaçy kärendeçilerimiziň, ýygymçylarymyzyň arasynda «Yhlasly zähmet rowaçlyga getirýär» ady bilen duşuşyk geçirilip, oňa hasyl ýygnamakda etrabyň öňdebaryjylarynyň hatarynda durýan «Jeýhun» daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparynyň zähmetsöýer daýhanlary, ýygymçylary we mehanizatorlary gatnaşdylar. Duşuşykda ýygym möwsüminde tapawutlanýan hasyl ussatlaryna TDP-niň Dänew etrap komitetiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Turkmen

NESILLERE NUSGALYK KITAP

TDP-niň Türkmengala etrap komitetiniň beýleki iri jemgyýetçilik guramalary bilen etrapdaky edara-kärha­nalarda we orta mekdeplerde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň geçi­ren tanyşdyrylyş dabaralarynda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryna, onuň örän baý we köptaraply medeniýetine hemişe üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.

Turkmen

TOPLUMLAÝYN IŞLER

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy etrap komiteti, etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda ýaramaz endikleriň ýaýramagyna garşy göreşmegiň iş meýilnamasyny taýýarlady. Wagyz-nesihat toparynyň düzümine bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşulular girizildi.

Turkmen

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Ýakynda Ak bugdaý etrap häkimliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenler, şeýle-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Turkmen

Pages