Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan peýdalanyp, ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary netijeli, has düşewüntli pudaga öwürmek maksady bilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulyp, adamyň jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin yhlas-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýän saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri özleriniň hünär baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşy alýarlar.
— Ýaňy-ýakynda berkararlygymyzyň hem bagtyýarlygymyzyň gözbaşy bolan beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramy hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda giňden bellenilip geçildi.
Biz Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň uly topary bolup, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine işjeň gatnaşdyk. Onda hormatly Prezidentimiziň çuň manyly çykyşyny uly höwes bilen diňledik.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir güni taryhy wakalara, toý-baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem rowaçlyklara beslenip, taryhyň şöhratly sahypalary ýazylýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine düýpli itergi berdi. Türkmenistan gysga wagtda halkara giňişliginde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Ylalaşdyryjy merkez hökmünde 25 ýylda bitiren hyzmatlary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrdy.
Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan demokratik tejribesi we ýörelgeleri esasynda amal edilýär. Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletimiziň kanunçykaryjy ulgamyny hil taýdan täze derejä çykaryp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň hukuk esaslaryny berkitmäge täze esaslary döretdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde medeniýet ulgamynyň aýratyn ugry bolan kitaphana işini döwrebap özgertmek, ýaşlary çeper döredijilige höweslendirmek we bu ulgamy kämilleşdirmek babatda ençeme kararlar, maksatnamalar kabul edildi.
Gadymy türkmen topragynda hukuk döwleti, raýat jemgyýeti kemala gelýär. Şu hili özgeriş halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren demokratik ýörelgeleri, dünýäniň ösen ýurtlarynyň syýasy tejribesi esasynda amal edilýär.
Ýaňy-ýakynda — baş baýramymyzyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi üstümizdäki ýylyň iň bir wajyp ähmiýetli wakasy hökmünde taryh gatlaryna siňdi.