Makalalar

Buýsanjyň, baýlygyň, bagtyň mekany

Bu gün dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, ata Watanymyz demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak, ony döwrüň ösen talaplaryna kybap alyp barmak babatynda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Eziz Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetiniň institutlaryny kämilleşdirmäge tarap alnan ugur dünýä nusgalyk derejä göterilýär. Biz bu beýik hakykata mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly ýyllarynda magat göz ýetirdik.

Turkmen

Öňde wajyp wezipeler

Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde 11-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek boýunça dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda maslahatlar guralýar. Şeýle maslahatlaryň biri geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi.

Turkmen

DÖWLETLILIGIŇ DEMOKRATIK ÝOLY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyrmak bilen, ösüşiň hil taýdan täze nusgasynyň kemala gelmegini şertlendirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýetilen sepgitler, ýokary ykdysady görkezijiler Türkmenistany dünýä ýüzünde diňe bir özygtyýarly döwlet hökmünde ykrar etdirmek bilen çäklenmän, eýsem öz mümkinçiliklerini Ýer ýüzündäki adamzat ähliniň ýaşaýşyny döwür bilen aýakdaş gider ýaly derejede peýdalanmagyna uly esas boldy.

Turkmen

«Ýaşasyn parahat durmuş!»

Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusy geçen 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň mynasyp jemlenmesine öwrüldi. Bu manyly eser diňe bir türkmenistanlylar üçin däl, eýsem, dünýä ýüzüniň halklaryna özboluşly, ajaýyp çagyryş boldy.

Turkmen

Medeni mirasyň görnükli nusgalary

Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen aýdym-sazly dabara «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmeginiň şanyna guraldy. Ony welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymy, welaýat Medeniýet müdirligi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.

Turkmen

Меняющийся мир и национальные интересы

Интенсивный темп научно-технического прогресса, который мы наблюдаем в последние десятилетия, а также масштабные геополитические изменения конца XX века привели к изменению политических подходов к решению вопросов международной повестки дня и качества торгово-экономических отношений.

Russian

Türkmenistanyň Demokratik partiýasyna – 30 ýyl

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň 30 ýyllyk şöhratly ýoly halkymyzyň iň oňat, ynsanperwer hem-de hoşmeýilli milli häsiýetleriniň, döwleti we jemgyýeti dolandyrmakdaky ukyp – başarnygynyň ýüze çykan döwri boldy. Bu babatda Demokratik partiýa halkymyzyň güýjüni jemgyýetiň öňünde duran belent maksatlaryň daşynda jebisleşdirmekde uly guramaçylyk işlerini ýola goýmaga işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Turkmen

Ulag diplomatiýasy — rowaçlyklaryň ýoly

Türkmenistan yklymlaryň esasy ýollarynyň çatrygynda ýerleşip, geografik ýagdaýynyň artykmaçlyklary bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamyny emele getirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Bu syýasat ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilendir.

Turkmen

Üstünliklere beslenen taryhy ýyl

Tamamlanyp barýan 2021-nji ýyl özboluşly wakalar bilen şöhratlandy. Şeýlelikde, ol taryhy ýyl bolup, aňymyza ornaşdy. Ilki bilen, bu ýylyň hormatly Prezidentimiziň makullamagy bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagynyň diýseň buýsançly wakadygyny bellemek gerek. Çünki parahatçylyk bilen ynanyşmagyň bar ýerinde asudalygyň, jebisligiň, bagtyýarlygyň hem ösüşiň bardygy hemmelere aýdyň hakykat. Şeýle hakykata düşünip, joşgunly zähmet çekýän merdana halkymyz döwranly döwrüň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýar.

Turkmen

Milli demokratiýanyň, agzybirligiň we döredijilikli zähmetiň güýji

Düýn ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalaryna Gutlagy okaldy. Milli Liderimiziň Gutlagy uly ruhubelentlik, çuňňur hoşallyk bilen garşylandy.

Turkmen

Pages