Makalalar

JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGY— BAGTYÝAR DURMUŞYŇ ESASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe lukman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny emele getirmek bilen döwletimiziň asudalygyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalara esaslanýan gaýragoýulmasyz işler durmuşa geçirilýär.

Turkmen

BERKARAR DÖWLETLILIGIŇ BINÝATLARY

Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygy baradaky habar hemmämiziň ruhumyzy joşdurdy. Milli Liderimiz işjeň dynç alşyň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, wagtyňy döredijilikli we peýdaly geçirmegiň nusgalyk göreldesini görkezýär.

Turkmen

HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYGYŇ MIZEMEZ DÄPLERI

Türkmen döwleti üçünji müňýyllygyň bosagasynda dünýäde emele gelen üýtgeşik taryhy şertlerde adamzadyň öňünde duran global meseleleriň döwrebap çözgüdini tapmak ugrunda halkara jemgyýetçiligiň alyp barýan işlerine mynasyp goşant goşýar. 

Turkmen

MILLI HUKUK ÖZGERTMELERI

Türkmen döwleti hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly üstünlikleri gazanyp, rowaçlyklara beslenip, okgunly öňe barýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryndaky ösüşleriň jemlerine nazar aýlanyňda, pähim-paýhasa ýugrulan oýlanyşykly başlangyçlaryň oňyn netijesi has-da aýdyň görünýär. 

Turkmen

DÖWRÜŇ TALAPLARYNA EÝERIP

Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy berk binýatly, senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwürmek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan beýik işleri «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymata eýerýän syýasatynyň barha rowaçlyk tapýandygyndan habar berýär. 

Turkmen

OÝLANYŞYKLY SYÝASAT — GARAŞYLÝAN NETIJE

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi dünýä ösüşiniň özboluşlylygyny nazarda tutmak bilen, maksatnamalaýyn esasda amala aşyryp, öňdengörüjilikli syýasaty durmuşa geçirýär. 

Turkmen

WATANYŇ KUWWATY BILIMLI NESIL

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň ösüşiniň ähli ugurlarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, giň düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. 

Turkmen

DATLY MIWELER — BAZARLARYMYZYŇ BOLÇULYGY

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwürmek baradaky tabşyryklaryny durmuşa geçirmeklige etrabymyzyň bagbanlary saldamly goşant goşýarlar. Olar alma, erik, ülje, armyt, şetdaly ýaly miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek, olardan bol hasyl almak ugrunda uly aladalar edýärler.

Turkmen

BEHIŞDI BEDEWLER — ŞAN-ŞÖHRATYMYZ

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen täze taryhy döwrümizde ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilip, türkmeniň atşynaslyk sungaty rowaçlyga beslenýär. Ýyndamlygy hem-de owadanlygy bilen şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýoly gaýtadan dabaralanýar. 

Turkmen

TÜRKMENISTAN — HALKARA SÖWDADA YGTYBARLY HYZMATDAŞ

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinden gelip gowşan şatlykly habar halkara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alnyp barylýan syýasatyň barha dabaralanýandygyny aňladýan buýsandyryjy wakalaryň biri boldy. 

Turkmen

Pages