Makalalar

BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY — ÝÜREKLERIŇ JOŞGUNY

11-nji fewralda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçen taryhy waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň barha berkeýändigini, halkymyzyň belent maksatlar bilen aýdyň geljege tarap ynamly gadam urýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Biz bu waka şaýat bolan watandaşlarymyzyň käbirleriniň buýsançly ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Turkmen

Eltiler (Durmuş pursatlary)

Ogulsabryň Perman bilen durmuş guranyna esli ýyl geçse-de, näme üçindir, bulardan perzent önüberenokdy. Ýüz tutulmadyk lukman, barylmadyk tebip galmandy, ýöne olaryň hiç birinden hem netije bolmandy. Agtyk söýmegi aňryýany bilen isleýän hem bolsalar, gaýynenesi Ogulsabyr bilen Permanyň ýanynda bu barada hiç dil ýarmady. Ýöne şeýle-de bolsa, Ogulsabyr olaryň agtyk söýmegini, özüniň perzentli bolmagyny tüýs ýürekden isleýärdi. Ýolda-yzda eli bäbekli gelinlere duşanda, olara gözügidijilik bilen seredenini duýman galýardy.

Turkmen

TUTUMY ZAMANA ÝARAŞYKLY WATAN

Ildeşlerimiz köňül töründen joşup çykan senaly sözleri bir şygara jem edip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günleriniň ajaýyp pursatlaryna şaýat bolýarlar. Gahryman Arkadagymyz bilen halkymyzyň baky bitewüliginiň sazlaşygyny emele getiren şu ýylyň şygary ýurdumyzyň şuglaly ýol bilen ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly barýandygynyň güwäsine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen bolsa bu ynam has-da pugtalanýar.

Turkmen

ÖSÜŞIŇ TÄZE TAPGYRY WE MILLI AŇYÝET

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 27-nji ýanwarynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görmek boýunça geçirilen iş maslahatynda Garaşsyz döwletimizi 2022 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň örän möhüm ugurlaryny kesgitlemegiň esasy mesele boljakdygyny aýtdy.

Turkmen

Buýsanjyň, baýlygyň, bagtyň mekany

Bu gün dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, ata Watanymyz demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak, ony döwrüň ösen talaplaryna kybap alyp barmak babatynda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Eziz Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetiniň institutlaryny kämilleşdirmäge tarap alnan ugur dünýä nusgalyk derejä göterilýär. Biz bu beýik hakykata mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly ýyllarynda magat göz ýetirdik.

Turkmen

Öňde wajyp wezipeler

Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde 11-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek boýunça dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň arasynda maslahatlar guralýar. Şeýle maslahatlaryň biri geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi.

Turkmen

DÖWLETLILIGIŇ DEMOKRATIK ÝOLY

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyrmak bilen, ösüşiň hil taýdan täze nusgasynyň kemala gelmegini şertlendirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýetilen sepgitler, ýokary ykdysady görkezijiler Türkmenistany dünýä ýüzünde diňe bir özygtyýarly döwlet hökmünde ykrar etdirmek bilen çäklenmän, eýsem öz mümkinçiliklerini Ýer ýüzündäki adamzat ähliniň ýaşaýşyny döwür bilen aýakdaş gider ýaly derejede peýdalanmagyna uly esas boldy.

Turkmen

«Ýaşasyn parahat durmuş!»

Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusy geçen 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň mynasyp jemlenmesine öwrüldi. Bu manyly eser diňe bir türkmenistanlylar üçin däl, eýsem, dünýä ýüzüniň halklaryna özboluşly, ajaýyp çagyryş boldy.

Turkmen

Medeni mirasyň görnükli nusgalary

Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen aýdym-sazly dabara «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmeginiň şanyna guraldy. Ony welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymy, welaýat Medeniýet müdirligi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.

Turkmen

Меняющийся мир и национальные интересы

Интенсивный темп научно-технического прогресса, который мы наблюдаем в последние десятилетия, а также масштабные геополитические изменения конца XX века привели к изменению политических подходов к решению вопросов международной повестки дня и качества торгово-экономических отношений.

Russian

Pages