«DÖWLETIMIZIŇ WEKILÇILIKLI EDARALARYNYŇ IŞINIŇ KÄMILLEŞDIRILMEGI MILLI DEMOKRATIÝAMYZYŇ DABARALANMAGY» ATLY MASLAHAT

Şu gün Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy jemlerine bagyşlanyp Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde «Döwletimiziň wekilçilikli edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi milli demokratiýamyzyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döredilen milli parlamentimiziň hil taýdan täze, iki palataly gurluşynyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmekde we döwlet häkimiýet edarasynyň işiniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýetiniň bardygyny, Halk Maslahatynyň mejlisinde milli parlament barada gelnen netijeler demokratik döwletimiziň adalatlylyk ýörelgesiniň we raýat jemgyýetiniň hukuk binýadynyň mundan beýläk-de berkemegine täzeçe badalga berjekdigi, şeýle hem ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler barada gürrüň berdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan Watanymyzy ösen döwlete öwürmekde, jemgyýeti kämilleşdirmäge gönükdirilen paýhasly syýasat alyp barýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli ähli maksatlarynyň hasyl bolmagyny, belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak bolmagyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

Ýörite habarçymyz.