«ESASY KANUNYMYZA ÜÝTGETMELERIŇ WE GOŞMAÇALARYŇ GIRIZILMEGI MILLI DEMOKRATIÝAMYZYŇ DABARALANMASYDYR» ATLY MASLAHAT

Şu gün Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy jemlerine, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramy mynasybetli bolup geçen wakalara bagyşlanyp Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde «Esasy Kanunymyza üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi milli demokratiýamyzyň dabaralanmasydyr» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda edilen çykyşlarda Mähriban Arkadagymyzyň berkarar Watanymyzyň mundan hem beýläk gülläp ösmegi, türkmen halkynyň bolelin, eşretli durmuşda erkana ýaşamagy baradaky taýsyz tagallalary, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşyndan, kabul edilen resminamalardan gelip çykýan wezipeler giňden ara alyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda döwletimiziň, jemgyýetimiziň berkararlygynyň synmaz sütünleriniň biri bolan Esasy Kanunymyza — Konstitusiýamyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Türkmenistanyň Konstitusion kanuny biragyzdan makullanylmagy, Milli Parlamentimizi iki palataly ulgama geçirmek boýunça degişli möhüm çözgütleriň kabul edilmegi, Esasy Kanunymyzyň ýurdumyzyň demokratik ýol bilen mundan beýläk hem ösdürilmeginiň kämil raýat jemgyýetiniň kemala getirilmeginiň we türkmen halkynyň hal ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagynyň mizemez binýady bolup hyzmat etjekdigi dogrusynda buýsançly çykyşlar boldy.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan Watanymyzy ösen döwlete öwürmekde, jemgyýeti kämilleşdirmäge gönükdirilen paýhasly syýasat alyp barýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli ähli maksatlarynyň hasyl bolmagyny, belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak bolmagyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!

Ýörite habarçymyz.