«Halkara Nowruz baýramy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň baýramy» atly maslahat

Milli bahar baýramy Halkara nowruz güni hem-de Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti bilen bilelikde «Halkara Nowruz baýramy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň baýramy» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzy bagtyýarlyga ýetiren, dünýä nusgalyk işleri bitirýän, jan Watanymyz Türkmenistany dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirýän, hoşniýetli parahatçylyk ýörelgämizi mynasyp dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömriniň uzak, belent başynyň baky aman, rowana tutumlarynyň bolsa mydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.