«HALKYŇ ABADAN DURMUŞY HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SYÝASATYNYŇ BAŞ UGRUDYR» ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramaklarynda «Halkyň abadan durmuşy hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň Baş ugrudyr» atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler ýurduň ykdysadyýetde, medeniýetde, oba hojalygynda, ylym-bilim ulgamlarynda gazananlary, bilen şu nukdaýnazardan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda halkyň abadan durmuşyny üpjün etmekde alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherinde gurulýan binalar, Ahal welaýatyň merkezi boljak täze şäheriň gurluşygyna aýlanyp işleriň barşy bilen tanyşmagy, beren tabşyryklary, maslahatlary dogrusynda  aýdyp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, türkmen halkyny eşretli günlerde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, döwlet we umumyadamzat bähbitli işlerinde hemişe rowaçlyklar arzuw etdiler.