«HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ SPORT SYÝASATY: MAKSATLAÝYN ÄDIMLER, TARYHY ÖSÜŞLER» ATLY MASLAHAT

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýakynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Hormatly Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan ýokary sylagyny gowşurmak dabarasynyň jemlerine bagyşlanyp Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde «Hormatly Prezidentimiziň sport syýasaty: maksatlaýyn ädimler, taryhy ösüşler» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda edilen çykyşlarda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny dabaralandyran ýene bir şatlykly waka - ýaş türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýeňiji bolup,  dünýäniň çempiony diýen belent ada mynasyp bolmagy, Türkmen döwletiniň, türkmen halkynyň ygtybarly we ösüşli geljeginiň binýatlarynyň maddy we ruhy esaslarynyň pugta kemala gelýän döwri bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  Milli Liderimiziň alyp barýan beýik tutumlaryna goşant goşmak, sport üstünlikler bilen hyzmat etmek hakynda giňişleýin durlup geçildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan Watanymyzy dünýäniň ösen döwletine öwürmäge, jemgyýeti kämilleşdirmäge gönükdirilen paýhasly syýasat alyp barýan hormatly Arkadag Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli ähli maksatlarynyň hasyl bolmagyny, belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak bolmagyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!