«IKI PALATALY PARLAMENT ULGAMY – DÖWLET ESASLARYNY PUGTALANDYRMAGYŇ KEPILI» ATLY MASLAHAT

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda “Iki  palataly  parlament  ulgamy – döwlet  esaslaryny pugtalandyrmagyň  kepili” atly maslahat geçirildi.

 2021-nji, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň  28-nji martynda geçirilen Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary möhüm jemgyýetçilik syýasy wakalarynyň biri boldy. Saýlawlaryň taryhy jemlerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda edilen çykyşlarda Mähriban Arkadagymyzyň iki palataly Parlament ulgamyna geçmek baradaky başlangyjyny amala aşyrmakda alnyp barlan işlere halkymyzyň işjeň gatnaşandygyny hem-de saýlawlaryň halk bilen döwletiň jebisligini, jemgyýetçilik durnuklylygyny, adamlaryň syýasy işjeňliginiň ýokarlanýandygyny görkezendigini belläp geçdiler. Hormatly Arkadag Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy halkymyzyň öz Milli Liderine çäksiz ynam bildirýändigini ýene bir gezek bütin dünýä aýan etdi. 

Maslahatyň dowamynda Hormatly Arkadagymyzyň sahawatly, ynsanperwer syýasaty ýöredip, milli ýörelgelerimize, ata-babadan gelýän däp-dessurlarymyza uly sarpa goýýandygyny, her bir adamyň, çagalaryň, eneleriň, ýaşulularyň bolelinlikde, ruhubelent, jany sag ýaşamagy ugrunda alyp barýan bimöçber işleri barada uly buýsanç bilen aýdylyp, döwletimiziň ähli mümkinçilikleriniň adamlaryň bagtly durmuşda ýaşamaklaryna gönükdirýändigi,  Hormatly Arkadag Prezidentimiziň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky Karara gol çekmegi halkymyzyň uly seslenmesine, alkyşlaryna mynasyp bolandygy barada giňişleýin beýan edildi.

Maslahata gatnaşyjylar «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, türkmen halkynyň her bir gününi toýdur-baýramlara besleýän,  mertebesi belent Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw etdiler.